Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkezi Hazar sebitiniň iň beýik desgalarynyň hatarynda

21:2306.08.2018
0
4184

Ýakynda Caspian News («Hazar habarlary») portaly öz sahypalarynda Hazar deňziniň kenarýaka döwletlerindäki iň beýik desgalaryň sanawyny ýerleşdirdi. Bu sanawda Aşgabatdaky «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkezi öňdäkileriň hataryndan ýer alýar.

Sanawa goşulan desgalaryň, inženerçilik aýratynlyklaryna, ähmiýetine, gözelligine, döwrebaplygyna, ýerleşýän ýerine başga-da birnäçe aýratynlygyna üns berlipdir. «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkeziniň bu aýratynlyklaryň ählisine gabat gelýändigi guwandyryjy ýagdaýdyr.

Köpetdagyň belent gerişlerinden soň hem 211 metr beýiklige uzak gidýän bina Oguzhanyň sekizburç ýyldyzynyň iň uly şekili hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna hem girdi. Ol bu täsinlikler ýygyndysyna adyny birnäçe ýola ýazdyran Aşgabadyň tas ähli künjeginden, şäherden uzaklardan hem görünýär. Bina diňe bir ýurduň teleradioýaýlymlarynyň merkezi bolman, eýsem, meşhur syýahatçylyk merkezleriniň birine hem öwrüldi.

Agzalan portalda ady geçýän beýleki desgalaryň arasynda Moskwadaky «Federasiýa» binasy, Tährandaky Milad diňi, Baku telediňi we Astanadaky «Zümerret etrapçasy» ýaşaýyş toplumy bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň