Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

21:2006.08.2018
0
1394

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Dmitriý Medwedewe Krasnoýarsk ülkesinde bolup geçen we adam pidalaryna getiren “Mi-8” kysymly dikuçaryň heläkçilige uçramagy zerarly gynanç hatyny iberdi.

Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda ýurdumyzyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan hem-de hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna, şeýle hem Russiýanyň ähli halkyna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň