Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda 1-nji sentýabra çenli 50 müň kompýuter öndüriler

14:3906.08.2018
0
11214

“Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýeti çagalar üçin reňkli monitorly we 28х20 ölçegli öwrediji kompýuterleri gurnamaga girişdi. Telekeçiler täze okuw ýylynyň başyna çenli Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň 50 müň sany önüm çykarmaga tabşyrygyny ýerine ýetirmegi göz öňünde tutýarlar. Netbuk ulanyjylara amatly dizaýnda we türkmen, rus, iňlis dilli interfeýsli bolar. Onda takyk we ynsanperwer ylymlar, aýdym-saz boýunça meseleler, şeýle hem kompýuter oýunlary, kalkulýator we beýleki zerur zatlar göz öňünde tutulan. Çagalaryň howpsuzlygy üçin enjam batareýli işlär.

Täze önümi düzmek üçin “Türkmenkabel” zawodynda ýörüte seh işe girizilip, onda awtomatlaşdyrylan yzygiderli enjam gurnaldy. Kompýuterleri düzmek tehnologiýasyny öwrenen 50 adam bu enjamlary ýygnaýarlar. Gapdaldaky sehde bolsa, termoplastawtomatlarda geljekki önümleriň plastmass gabarasyny guýýarlar. Kompýuterleri ýygnamak üçin zerur enjamlar hytaý kompaniýasyndan alyndy.

Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň “Täze zaman gurluşykçy” hususy kärhanasynyň ýardam bermegine döredilen “Aýdyň gijleler” HJ 2017-2018-nji ýyllarda ýaşaýyş we senagat jaýlary üçin ýagtylyk diodly LED-çyralaryň önümçiliigini özleşdirdi. Kuwwatlylygy 3, 5, 6, 9, 12, 18, 24 watt bolan önümiň iki milliony ýygnaldy, olar ozaldan ulanylýan çyralaryň 40 wattdan 240 wattyna çenli görkezijisine laýyk gelýär.

Önümiň platasyndan galan bölegi Türkmenbaşynyň nebti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda çykarylýan polipropilenden ýasaldy. Kärhanada häzirki wagtda iş orunlarynyň ellisi döredildi, bu ýerde goýlan termoplastawtomatlaryň kömegi bilen kompýuterleriň gabarasy we çyralaryň çüýşesi taýýarlanylýar.

“Aýdyň gijeler” HJ bäsleşige ukyply, ýokary tehnologiýalar bilen üpjün edilen, serişde we energiýa tygşytlaýjy, içerki we daşarky bazarlara niýetlenen harytlary öndürmäge gönükdirilen ekologiýa taýdan arassa elektron we eletrotehnika senagatyny döretmek boýunça Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde döredilen ilkinji kärhanalaryň biridir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň