Türkmen zyýaratçylary Mekgä haja ugradylar

23:5505.08.2018
0
4940

5-nji awgustda türkmen zyýaratçylary Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, “Türkmenhowaýollary” gullugy tarapyndan guralan ýörite uçar gatnawy bilen Saud Arabystany Patyşalygyna haja ugradylar.
Musulmanlaryň esasy baýramlarynyň biri bolan Gurban baýramynyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna we paýtagtymyza wekilçilik edýän watandaşlarymyzyň 153-si bütin dünýäniň zyýaratçylarynyň millionlarçasy bilen bir hatarda, şu sahawatly günlerde mukaddes Käbä tagzym etmek we beýleki dessurlary berjaý etmek üçin Mekgede hem-de Medinede bolarlar.
4-nji awgustda paýtagtymyzda din işgärleriniň, zyýaratçylaryň hem-de pudak edaralarynyň birnäçesiniň wekilleriniň maslahaty boldy. Onda geljekki çäräniň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň