Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 22-si hasaba alyndy

04:0105.08.2018
0
2802

Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini we “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde öndürilen “B” kysymly karbamidi satyn aldylar. Şeýle hem karbamid Beýik Britaniýanyň we Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleriniň geleşikleriniň esasyny düzdi. Bulardan başga-da, Beýik Britaniýadan, BAE-den we Özbegistandan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna portlandsement we nah ýüplük satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 13 million 280 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine BAE-niň işewürleri bahasy 363 müň 300 manatlyk zyýansyzlandyrylan önümleri satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 885 müň manatlykdan gowrak kondisiýasyz polipropileni we pagta süýümini satyn aldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň