Soňky habarlar

Arhiw

Gyrgyzystan türkmen suwuklandyrylan gazyny import etmeklige gyzyklanma bildirýär

06:0204.08.2018
0
4154

Gyrgyzystan türkmen suwuklandyrylan gazyny we azot dökünlerini import etmeklige gyzyklanma bildirýär, diýip ýurduň wekilleri 30-njy iýulda Aşgabatda geçirilen türkmen-gyrgyz hökümetara toparynyň mejlisinde aýtdylar.

Müňlerçe türkmenistanlylary iş bilen üpjün etjek Türkmenistanda gurluşygy alnyp barylýan birnäçe kärhanalaryň önümlerini satyn aljaklaryň sany artýar. Hususan-da, Gyrgyzystana Ahal welaýatynyň Owadandepe şäherçesinde gurluşygy alnyp barylýan zawodda öndüriljek benzin iberilip bilner. Bu barada hökümetara toparyň mejlisinde aýdylypdy.

— Bu günki gün dünýäde ýangyjy sarp etmeklik özgerýär. Awtomobiller gazdan öndürilýän ýangyja geçýärler we biz Türkmenistandan suwuklandyrylan gazy öz awtomobillerimize ýangyç guýýan beketlerimize satyn almaga taýýar — diýip Gyrgyzystanyň ykdysadyýet ministri, gyrgyz tarapyndan hökümetara toparyň başlygy Oleg Pankratow aýtdy.

Azot dökünleriniň iberilmegini Garabogazda gurulýan karbamid zawody üpjün edip biler. Ol ýylda bir milliondan gowrak taýýar önüm öndürmäge niýetlenendir. Gyrgyzystanyň mineral dökünlerine bolan hasabat zerurlygy 390 müň tonna deňdir — diýip Gyrgyzystanyň oba hojalyk ministriniň orunbasary Žanybek Kerimaliýew aýtdy. — Häzirki wagtda Gyrgyzystan bu önümi Özbegistandan, Gazagystandan we Russiýadan alýar hem-de Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýär.

Türkmen önümlerini Gyrgyzystana ibermekligi üstünlikli ýola goýmakda esasy mesele — logistika. Myhmanlaryň belleýşi ýaly, Türkmenistandan ýükleriň has amatly daşlamak şertinde Gyrgyzystan beýleki ugurlarda hem importy düýpli artdyrmaga taýýar. Häzirki wagtda ýurduň wekilleri haryt dolanyşygyny artdyrmak üçin Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasy bilen gepleşiklere aýratyn üns berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň