Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi

05:1704.08.2018
0
6413

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda geçen ýedi aýda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine hem-de döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meselelere garaldy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi. Wise-premýer ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugruny iş ýüzünde durmuşa geçirmek bilen baglylykda, şu ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetiren işleri barada hasabat berdi. Şu ýyl milli Liderimiziň daşary ýurtlara amala aşyran saparlarynyň hem-de daşary ýurt döwletleriniň ýolbaşçylarynyň birnäçesiniň ýurdumyza bolan saparlarynyň netijeleri bu strategiýanyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Abraýly sebit we halkara guramalary, şol sanda BMG bilen hyzmatdaşlyk hem okgunly ösdürilýär.

Umuman, hasabat döwründe Daşary işler ministrliginiň üsti bilen jemi dürli derejedäki wekiliýetleriň 478-si Türkmenistana sapar bilen geldi. Şol döwürde ýurdumyzdan daşary ýurtlara 335 wekiliýet gitdi. Ýanwar — iýul aýlarynda halkara ähmiýetli çäreleriň 167-si geçirildi. Döwletimiziň halkara gatnaşyklarynyň hukuk binýadyny berkitmek maksady bilen, jemi 121 sany halkara resminama gol çekildi.

Daşary işler ministrliginiň we beýleki döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy maslahatlaşmalary geçirmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar.

Häzirki wagtda Türkmenistan dünýäniň 146 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy.

Ýylyň başyndan bäri ikitaraplaýyn Hökümetara toparlaryň hem-de iş toparlarynyň nobatdaky mejlisleri geçirildi. Şolaryň işi dünýäniň dürli döwletleri bilen söwda-ykdysady hem-de ynsanperwer-medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilendir, şeýle hem daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda bilelikdäki işewür forumlaryň birnäçesi guraldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, geljekde köp sanly halkara çäreleriň — forumlaryň, Hökümet wekiliýetleriniň saparlarynyň göz öňünde tutulandygyny belläp, şolaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi we muňa häzirden taýýarlyk görüp başlamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow 2018-nji ýylyň ýedi aýynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Wise-premýeriň belleýşi ýaly, şu ýylyň hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterim ýokarlandy.

Umuman, önüm öndürilişi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 4,4 göterim artdy.

Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda aýlyk haklarynyň ortaça möçberi 2017-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,1 göterim ýokarlandy. Aýlyk haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda hem-de doly maliýeleşdirildi.

Hasabat döwründe rejelenen görnüşdäki Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde, ýurdumyzyň sebitlerinde durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň 77-siniň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň 32-siniň, 235 müň inedördül metrden gowrak ýaşaýyş jaýlarynyň, şeýle hem inženerçilik ulgamlarynyň gurluşyk işleri alnyp baryldy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýetimizde oňyn görkezijileriň gazanylýandygyny kanagatlanma bilen belläp, wise-premýeriň ünsüni birnäçe möhüm wezipeleriň çözgüdine çekdi. Aýratyn-da, hususylaşdyrmak çärelerini işjeňleşdirmek zerurdyr diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Ýakyn geljekde döwlet dolandyryşynyň täze usullaryny ornaşdyrmak we häzirki döwürde dünýäniň ähli döwletlerinde hereket edýän sanly ykdysadyýet ulgamyna geçmek ýaly işler möhüm ugurlar hökmünde kesgitlenildi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda gözegçilik edýän düzümlerinde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Nebiti gaz kondensaty bilen çykarmagyň meýilnamasy 102 göterim, nebiti gaýtadan işlemekde ösüş depgini 103,2 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasy 101,4 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 103,8 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy bolsa 119 göterim berjaý edildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, polipropilen öndürmegiň ösüş depgini 103,2 göterime, maýa serişdelerini özleşdirmegiň ösüş depgini 107 göterime deň boldy.

Şeýle hem milli Liderimiziň başlangyjy esasynda energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna köpugurly esasda ugratmak, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny meýilnama laýyk derejede alyp barmak maksady bilen durmuşa geçirilen giň möçberli çäreler barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň öňünde durýan ähli wezipeleriň, şol sanda toplumy ösdürmek üçin maýa goýumlaryny çekmek bilen baglanyşykly meseleleriň öz wagtynda çözülmeginiň wajypdygyny belledi.

Geljekki wezipeler barada aýtmak bilen, milli Liderimiz “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynda” kesgitlenen wezipeleri üstünlikli berjaý etmek, dünýä döwletlerinde tebigy gaza bolan islegiň ösýändigini nazara alyp, turba geçirijileriň gurluşygynyň täze taslamalaryny taýýarlamak ugrunda toplumlaýyn çäreleriň amala aşyrylmalydygyna ünsi çekip, bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän düzümlerinde geçen ýedi aýyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hakynda hasabat berdi.

Umuman, obasenagat toplumy boýunça önümçiligiň umumy mukdarynyň ösüş depgini 104,2 göterime, şol sanda Oba we suw hojalyk ministrligi boýunça 104,2 göterime, Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti boýunça 107 göterime, “Türkmenatlary” döwlet birleşigi boýunça 105,4 göterime deň boldy.

Ministrlik we pudaklaýyn dolandyryş edaralary boýunça hasabat döwründe maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 144,1 göterim ýerine ýetirildi.

Häzirki döwürde welaýatlaryň gowaça meýdanlarynda agrotehniki kadalara laýyklykda hatarara bejergi işleri, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak we zyýankeşlere garşy göreşmek hem-de gowaçanyň ujuny çyrpmak çäreleri alnyp barylýar.

Şeýle hem oba hojalyk ýerleri bugdaý ekişine taýýarlanylýar, şol sanda sürüm hem-de tekizlemek işleri agrotehniki kadalara laýyk derejede alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, umuman, obasenagat toplumy boýunça ähli görkezijiler boýunça degişli tabşyryklaryň ýerine ýetirilendigini belledi. Döwlet Baştutanymyz pudagyň işini döwrüň talabyna laýyk derejede guramak meselesine degip geçip, sürümli ýerleri netijeli işleýän daýhan hojalyklaryna we hususy önüm öndürijilere uzak möhletleýin esasda peýdalanmaga bermek, Ýer kadastryny taýýarlamak ýaly ugurlar boýunça birnäçe bellikleri aýtdy. Oba hojalygynda amala aşyrylýan özgertmeleriň depginini ýokarlandyrmaly. Bu meseleleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ähli mümkinçilikleriň, şol sanda ýeterlik maliýe serişdeleriniň, degişli maddy-enjamlaýyn binýadyň bardygyny, döwlet tarapyndan hemmetaraplaýyn goldawyň we zerur kömegiň berilýändigini belläp, milli Liderimiz wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary K.Durdymyradow gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe Senagat ministrligi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 113,6 göterim berjaý edildi. Şunda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ösüş depgini 111,9 göterime deň boldy.

Dokma senagaty ministrligi boýunça bu görkezijiler degişlilikde 126,8 göterime we 127,2 göterime barabar boldy.

Şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda haly we haly önümleriniň önümçiligi boýunça meýilnama 125,9 göterim berjaý edildi hem-de ösüş depgini 109,3 göterime deň boldy.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanalarynda 7 aýyň meýilnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça gazanylan ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 107,9 göterime deň boldy.

Döwlet balyk hojalygy komiteti boýunça önümçilik meýilnamasy 101,6 göterim ýerine ýetirildi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, pudagyň mineral dökünleriň önümçiligi babatda bar bolan kuwwatlyklaryny doly durmuşa geçirmek maksady bilen, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň düzümleriniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň we döwrebaplaşdyrmagyň wajypdygyna ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan himiýa serişdeleriniň baý gorlaryna eýedir, şundan netijeli peýdalanmak aýratyn ähmiýetlidir. Şoňa görä-de, döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýurdumyzda himiýa senagatyny ösdürmegiň meselesine düýpli seredip, ýörite maksatnama taýýarlamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew şu ýylyň ýedi aýynda gözegçilik edýän ulgamlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň hem-de hyzmatlaryň meýilnamasy 108,3 göterim ýerine ýetirilip, 117,7 göterim ösüş depgini gazanyldy.

Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 100,1 göterim berjaý edildi we 108,3 göterim ösüş depgini üpjün edildi.

Energetika ministrligi boýunça öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 120,1 göterime barabar boldy.

“Türkmenawtoýollary” döwlet konserni boýunça hasabat döwründe öndürilen önümiň we ýerine ýetirilen işleriň hem-de hyzmatlaryň meýilnamasy 101 göterim ýerine ýetirilip, 100,1 göterim ösüş depgini gazanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere ýüzlenip, ýurdumyzda köp sanly desgalaryň, aýratyn hem durmuş maksatly desgalaryň gurluşygynyň meýilleşdirilendigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu desgalaryň ýokary hilli gurulmagyna we öz möhletinde tabşyrylmagyna, şeýle hem degişli ulgamlaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyna berk gözegçilik etmegiň wajypdygyny nygtady.

Aşgabady abadanlaşdyrmaga, şäheriň durmuşyny üpjün etmegiň ösen ulgamyny döretmäge, aşgabatlylaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga, ak mermerli paýtagtymyzyň binagärlik keşbini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmaga aýratyn üns berildi. Milli Liderimiz ýollary, seýilgähleri we seýilbaglary talabalaýyk saklamagyň hem-de jemagat hojalygy gulluklarynyň işiniň göwnejaý guralmagyny üpjün etmegiň wajypdygyny belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça haryt dolanyşygynyň jemi mukdary geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,6 göterim, şol sanda bölek satuw haryt dolanyşygy hem-de lomaý haryt dolanyşygy degişlilikde 22,2 göterim we 3,1 göterim artdy.

Öndürilen önümiň möçberi 3,6 göterim artdy, ministrligiň kärhanalary boýunça peýdanyň umumy möçberi 50,2 göterim ýokarlandy.

Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça hasabat döwründe 146 birža söwdasy geçirildi.

Söwda-senagat edarasy boýunça 2018-nji ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda amala aşyrylan hyzmat işleri, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 8,3 göterim artdy.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça ýylyň başyndan bäri senagat önümleriniň öndürilişi 28,7 göterim hem-de oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilişi 55,1 göterim artdy. Söwda-haryt dolanyşygynyň möçberi 2,1 göterim artdy, hyzmat ulgamynda ýerine ýetirilen işleriň möçberi 2 göterim ýokarlandy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda haryt dolanyşygynyň möçberini ýokarlandyrmak boýunça wezipeleri çözmäge wise-premýeriň ünsüni çekdi. Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň beýleki orunbasarlary, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde ýurdumyzda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän mukdaryny artdyrmagyň, başga döwletlerde Söwda öýlerini açmak meseleleriniň üstünde işlemegiň wajypdygyny belledi.

Şeýle hem wise-premýere söwda ulgamyny has-da ösdürmek tabşyryldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa şu ýylyň ýedi aýynda gözegçilik edýän ulgamlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe dürli çäreler, şol sanda ylmy-amaly maslahatlar, sergiler, bäsleşikler, sahnalaşdyrylan oýunlar, kinofilmleriň görkezilişi, baýramçylyklar hem-de şanly wakalar mynasybetli aýdym-saz dabaralary, daşary ýurtly artistleriň gatnaşmagynda döredijilik çäreleri we sirk oýunlary guraldy.

Daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalary bilen bilelikde çäreleriň birnäçesi guraldy.

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli dürli mazmunly medeni çäreler geçirildi.

Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy ähmiýetini wagyz etmek hem-de onuň ugrundaky taryhy-medeni ýadygärlikler bilen tanyşmak maksady bilen, bu gadymy ýoluň ugrunda ýerleşýän döwletleriň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýurdumyzda saparda boldular.

Şeýle hem Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň maliýe-hojalyk işi boýunça maglumatlar beýan edildi.

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan kitap önümleriniň 177 görnüşi hem-de okuw kitaplarynyň 102 görnüşi çap edildi. Meýilnama 127,5 göterim ýerine ýetirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamyny ösdürmek meselesine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda tutuş Ýer ýüzünden syýahatçylary çekmek üçin täsin taryhy we medeni desgalar bilen birlikde ähli mümkinçilikleriň bardygyny nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wise-premýere syýahatçylyk ulgamynda alnyp barylýan işleri ýene-de bir gezek seljermegi, bu ulgam üçin zerur bolan hünärmenleri we ýolbaşçy işgärleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işi baradaky meselä degip geçip, milli telewideniýede berilýän gepleşikleriň hem-de döwürleýin neşirleriň çap edilişiniň hiliniň pesdigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda bolup geçýän wakalary şöhlelendirmäge döredijilikli çemeleşmegiň, gyzykly gepleşikleri we makalalary taýýarlamagyň, şu ulgam üçin zehinli hünärmenleri taýýarlamagyň möhümdigini belläp, wise-premýere bu babatda anyk görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz öňümizdäki baýramçylyklar we şanly seneler mynasybetli meýilleşdirilen medeni çäreler barada aýdyp, şolary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň wajypdygyny nygtady hem-de wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu döwürde 2018-nji ýyl üçin meýilleşdirilen okuw kitaplarynyň 200 we gollanmalaryň 106 görnüşi neşir edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan işlenip taýýarlanylan sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasyny hem-de Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýasyny durmuşa geçirmek, mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça işler dowam edýär.

Hasabat döwründe ýurdumyzyň mekdep okuwçylary halkara ders olimpiadalarynda 93 medal gazandy. Türkmen talyplary şeýle bäsleşiklerde 14 medal eýelemegi başardy.

Geçen döwürde aspirantura dalaşgärleriň 38-si, doktorantura bolsa alymlaryň 3-si kabul edildi.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň institutlary birnäçe tehnologik işläp taýýarlamalary we gurluşyk hem-de önümçilik maksatly taslamalary işläp taýýarladylar we ornaşdyrdylar. Şol sanda oýlap tapyşlar üçin 3 patent alyndy.

Saglygy goraýyş ulgamynda Döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasyndan gelip gowşan serişdeleriň möçberi 139 göterime, ýerine ýetirilen hyzmatlardan we ýerlenen önümlerden alnan girdeji 121 göterime, şypahana hyzmatlaryndan alnan girdeji 114 göterime deň boldy.

“Saglyk — 2018” atly halkara sergi we ylmy-amaly maslahat geçirildi. Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde welaýat Köpugurly we ýokanç keseller hassahanalar toplumy hem-de saglygy goraýyş işgärleri üçin ýokary amatlykly bolan ýaşaýyş jaýlarynyň 6-sy ulanmaga berildi. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda “Awaza” şypahanasy we Mary şäherinde welaýat Çagalar hassahanasy hereket edip başlady.

Hasabat döwründe ýurdumyzda jemi 101 içerki ýaryşlar we sport-köpçülikleýin çäreleriniň 65-si guraldy.

Türkmen türgenleri dünýä çempionatlarynyň 9-syna gatnaşyp, 4 medal eýelediler. Aziýa çempionatynyň 22-sinde 58 medal we beýleki halkara bäsleşikleriň 35-sinde bolsa 82 medala mynasyp boldular. Şunda, medallaryň umumy sany 144-e ýetdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary we ýörite orta hünärment okuw mekdeplerine giriş synaglarynyň dowam edýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, täze okuw ýylyna degişli derejede taýýarlyk görülmelidir. Okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýady üpjün edilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz bilim ulgamynda okuw we usulyýet ugurlaryny döwrebaplaşdyrmak işlerini güýçlendirmegi wise-premýerden talap etdi. Häzirki döwürde bu ulgam çalt depginler bilen ösýär. Köp garaýyşlar üýtgeýär. Täze bilimler, taryhy maglumatlar ýüze çykýar. Ählumumy kompýuterleşdirmek we sanly ulgama geçmek sazlaşykly ösüş ýoluna düşdi.

Hormatly Prezidentimiz bilim ulgamynda alnyp barylýan işleri jikme-jik seljermek, şol sanda dersleriň okuw maksatnamasyny häzirki döwrüň talabyna laýyk getirmek we bu ugurdaky özgertmeleri çalt amala aşyrmak üçin zerur çäreleri görmek babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Wise-premýeriň belleýşi ýaly, ulag-aragatnaşyk toplumynda aragatnaşyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň, ýük daşamagyň we ýolagçy gatnatmagyň meýilnamasy 110 göterim berjaý edildi. Munuň ösüş depgini 114 göterime deň boldy.

Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmegiň ösüş depgini 107 göterime barabar boldy. Ýük daşamagyň meýilnamasy 106 göterim, ýolagçy gatnatmagyň bolsa — 101,1 göterim ýerine ýetirildi.

Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 105 göterime deň boldy. Ýük daşamagyň we ýolagçy gatnatmagyň meýilnamalary degişlilikde, 102,4 göterim we 102,2 göterim berjaý edildi.

Aragatnaşyk ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 110 göterime barabar boldy.

“Türkmenhowaýollary” gullugy boýunça awiýa hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň ösüş depgini 137 göterime deň boldy. Bu görkeziji ýük daşamakda we ýolagçy gatnatmakda, degişlilikde, 129 göterime we 110 göterime barabar boldy.

Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça ýük daşamagyň meýilnamasy 104 göterim ýerine ýetirildi. Ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini 168 göterime deň boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, demir ýollary we awtomobil ýollaryny döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly esasy wezipeler bilen birlikde, ulag pudaklaryny özgertmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň zerurdygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin çäreleriň anyk meýilnamasyny taýýarlamak barada wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa milli parlamentiň ýylyň başyndan bäri ýerine ýetiren işleri hem-de Halk maslahatynyň birinji mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada habar berdi.

Hasabat döwründe milli parlamentiň maslahatlarynyň üçüsi geçirildi, şolaryň barşynda Türkmenistanyň kanunlarynyň 34-si hem-de Mejlisiň kararlarynyň 46-sy kabul edildi.

Parlamentara gatnaşyklary ösdürmek hem-de kanunçykaryjylyk babatda dünýä tejribesini öwrenmek maksady bilen, Mejlisiň deputatlary halkara çäreleriň we okuw maslahatlarynyň 49-syna gatnaşdylar, iş saparlarynyň 13-sinde boldular. Diplomatlar, daşary ýurtlaryň birnäçesiniň wekiliýetleri hem-de halkara guramalaryň wekilleri bilen duşuşyklar geçirildi.

Häzirki wagtda deputatlar alymlar, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleri bilen bilelikde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelerini üstünlikli amala aşyrmak üçin ygtybarly binýady üpjün etmäge, türkmen jemgyýetiniň jebisligini berkitmäge, onuň demokratik esaslaryny pugtalandyrmaga ýardam etmäge gönükdirilen täze kanunlary işläp taýýarlamak hem-de hereket edýän kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek boýunça yzygiderli işleri alyp barýarlar.

Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde Türkmenistanyň Halk maslahatynyň birinji mejlisine taýýarlyk görülýär, umumymilli forumy hem-de oňa gabatlanylan medeni çäreleri geçirmegiň meýilnamasy işlenip taýýarlanylýar, beýleki guramaçylyk meseleleri çözülýär.

Hormatly Prezidentimiz milli parlamentiň döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ulgamlarynda amala aşyrylýan özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça yzygiderli işlemeginiň wajypdygyny nygtap, Halk maslahatynyň birinji mejlisini guramaçylykly geçirmek meselesine ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz öňümizdäki umumymilli forumyň — Halk maslahatynyň mejlisini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň wajypdygyny belledi.

Milli Liderimiz mejlisiň jemini jemläp we oňa gatnaşyjylara ýüzlenip, biziň Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň alyp barýan daşary we içeri syýasatynyň üýtgewsiz galýandygyny nygtady. Türkmenistan alyp barýan daşary we içeri syýasatynyň esasynda goýlan parahatçylygyň hem-de ynsanperwerligiň ýokary ýörelgelerine we garaýyşlaryna eýermek bilen, şu ýyl hem ýokary ösüşini dowam edýär.

Ýurdumyzyň ykdysadyýeti depginli ösmegini durnukly saklap galýar, Garaşsyz döwletimizde kabul edilen ähli durmuş maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Jemi içerki önümiň ösüşi, ozalkysy ýaly, ýokary derejä, ýagny, 6,2 göterime ýetýär. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, ähli pudaklarda ýokary ösüş depgini saklanyp galýar.

Şu döwürde iri senagat desgalarynyň we maldarçylyk toplumlarynyň 30-dan gowragy işe girizildi. Bir million inedördül metre golaý täze ýaşaýyş jaýlary, hassahanalar we şypahanalar, çagalar baglary hem-de mekdepler, dükanlar, umuman, jemi bahasy üç ýarym milliard amerikan dollaryna barabar bolan desgalar ulanmaga berildi.

Biziň energiýa serişdelerimizi dünýä bazaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek baradaky syýasatymyz hem bellän meýilnamalarymyza laýyklykda dowam edýär. Ýaňy-ýakynda goňşy Owganystana elektrik geçiriji ulgam işe girizildi. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy, şeýle hem beýleki sebit taslamalary üstünlikli amala aşyrylýar. Bu taslamalaryň uly syýasy, ykdysady we ynsanperwer ähmiýeti bolup, olar sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetini ösdürmäge güýçli itergi berer diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Hususan-da, biz Owganystana eýýäm millionlarça kilowat sagat elektrik energiýasyny iberdik. Şonuň netijesinde, bu doganlyk ýurduň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş ýagdaýyny gowulandyrmak, täze önümçilikleri açmak we iş orunlaryny döretmek üçin amatly şertler döredildi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

“Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip atlandyrylan maksatnamamyzyň çäklerinde ýurdumyzda sport çäreleri dowam edýär. Halkara awtorallini, agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny geçirmäge, beýleki syýasy we jemgyýetçilik çärelerine işjeň taýýarlyk görülýär.

Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, birnäçe meseleleriň hem çözülmän gelýändigini aýtdy. Bu meseleler şu gün ara alnyp maslahatlaşyldy we olary çözmegiň ýollary kesgitlenildi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna häkimler bilen bilelikde bu meseleleriň çözülişini, ýurdumyzda geçirilýän özgertmeleri, öz gözegçilik edýän pudaklarynda desgalaryň gurluşygynyň alnyp barlyşyny hemişe berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Ilaty durmuş ähmiýetli desgalar bilen üpjün etmek baradaky maksatnamany ýerine ýetirmek, bir söz bilen aýdylanda, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak bilen bagly ähli meselelere aýratyn üns bermek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlap, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, alyp barýan işlerinde uly üstünlik, ýurdumyzyň tutuş halkyna bolsa, “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary astynda geçýän ýylda rowaçlyk arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň