Soňky habarlar

Arhiw

TÝL — 2018: Üçünji aýlaw "sessiz" başlady

23:5603.08.2018
0
5461

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň üçünji aýlawynyň birinji duşuşygy paýtagtymyzyň köpugurly “Aşgabat” stadionyna ýanaşyk meýdanda geçirilip, onda ýaryş tertibiniň öňbaşçysy “Ahal” bilen Marynyň “Merwi” duşuşdy. Duşuşygyň “Ahalyň” doly artykmaçlygynda geçendigine garamazdan, hasap üýtgewsiz galdy.

Şeýlelikde, geçirilen bu duşuşykdan soň utugyny 34-e ýetiren “Ahal” eýeleýän birinji ornuny saklap galdy. 17 utugy bolan “Merw” hem eýeleýän 6-njy ornunda galdy.

15-nji tapgyr, ertir duşuşyklaryň üçüsi (“Şagadam” – “Energetik”, “Balkan” – “Aşgabat”, “Altyn Asyr” – “Köpetdag”) bilen dowam eder.

XV tapgyryň netijesi:

 “Ahal” – “Merw” 0:0

Geçirilen ýeri: “Aşgabat” stadiony (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: Çarymyrat.Gurbanow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: Geldi Öwezow (Aşgabat ş.)

Tomaşaçylar: 200

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň