Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi

16:2801.08.2018
0
8987

31-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi. Onda Prezident maksatnamalarynyň hem-de ýurdumyzy ykdysady we durmuş taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen beýleki maksatnamalaryň durmuşa geçirilişine seredildi, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwletimiziň içeri syýasatyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şonuň ýaly-da, ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere we beýleki käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Mejlisiň barşynda:
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow statistiki maglumatlary işläp geçmegiň halkara tejribesinde ykrar edilen maglumat-tehnologiki usullaryny ornaşdyrmagyň esasynda statistika ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen görülýän çäreler hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy tarapyndan hödürlenýän «Milli hasaplar boýunça institusional we statistiki mümkinçiligi pugtalandyrmak» atly taslama;
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow ýangyç-energetika toplumynyň edara-kärhanalarynda işleriň ýagdaýy hem-de «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň Daşoguz nebit kärhanasynyň täze gurlan binalarynda we desgalarynda alnyp barylýan işler;
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy;
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew harby we hukuk goraýjy düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, Watan goragçylarynyň netijeli gulluk etmegi we olaryň hem-de maşgala agzalarynyň ýaşaýyş durmuşy üçin oňaýly şertleri döretmek boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler;
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary K.Durdymyradow halyçylyk pudagyny döwrebaplaşdyrmak boýunça geçirilýän işler, onuň eksport kuwwatyny artdyrmak boýunça döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi;
Baş prokuror B.Atdaýew hukuk namalarynyň düzgünleriniň takyk ýerine ýetirilişine gözegçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmagyň çäklerinde geçirilýän işler hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi;
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işler, hususan-da, energetika pudagyny has-da ösdürmek, Aşgabat şäherini abadanlaşdyrmak, gurluşyk işleriniň depginini güýçlendirmek boýunça geçirilýän işler;
içeri işler ministri I.Mulikow ýolbaşçylyk edýän ulgamynda işleriň ýagdaýy hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi we her ýylyň sentýabrynda geçirilýän “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň çäklerinde geçiriljek çäreler, şeýle hem “Amul — Hazar 2018” halkara rallisine taýýarlyk görmegiň barşy;
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow şu ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisini geçirmek;
Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň direktory M.Hudaýkulyýew korrupsiýa garşy göreşmek maksadynda görülýän anyk çäreler;
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew «Türkmenistanda howply ýükleri awtoulagda daşamagyň düzgünlerini tassyklamak hakyndaky» hem-de «Käbir döwlet edaralaryna «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmäge esaslandyryjylar hökmünde gatnaşmaga ygtyýar bermek hakyndaky» kararlaryň taslamalary;
adalat ministri B.Muhamedow ýolbaşçylyk edýän düzümindäki işleriň ýagdaýy, milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler hem-de “Türkmendemirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmek baradaky teklip boýunça geçirilen hukuk seljermesiniň netijeleri;
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa «Medeniýet we sungat boýunça döwlet toparlarynyň we bilermenler geňeşiniň düzümini tassyklamak hakyndaky» kararyň taslamasy;
goranmak ministri B.Gündogdyýew harby bölümlerde geçirilýän işler, Watanymyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň şahsy düzüminiň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler;
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazarýaka döwletleriniň mekdep medeni-sport festiwalyny geçirmäge taýýarlyk görlüşi, onuň guramaçylyk toparynyň düzümi hem-de degişli Düzgünnamanyň işlenip taýýarlanylyşy;
Ýokary kazyýetiň başlygy G.Hallyýew kazyýet işi ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we hukuk özgertmelerini ilerletmek boýunça görülýän çäreler;
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň ýakyn aýlarynda geçiriljek halkara çärelere, şol sanda 12-nji awgustda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde geçiriljek Hazarýaka ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň V ýokary derejeli duşuşygyna, 24-nji awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň ýokary derejedäki duşuşygyna, 28-nji sentýabrda Täjigistanyň Duşenbe şäherinde GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine, 29-njy sentýabr — 2-nji oktýabr aralygynda hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň işine gatnaşmagy üçin ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherine saparyna taýýarlyk görlüşi;
Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ş.Durdyýew Serhetçiler gününe we serhet galasynyň täze binalarynyň açylmagyna gabatlanyp geçiriljek çärelere taýýarlyk görlüşi;
Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa milli parlamentiň ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleri hukuk taýdan üpjün etmek, ylym, bilim we medeniýet ulgamlaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň kanunçylyk esaslaryny pugtalandyrmak boýunça alyp barýan işleri;
Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy M.Gurdow döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem ýolbaşçylyk edýän düzüminiň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän anyk çäreler;
Döwlet gümrük gullugynyň başlygy A.Osmanow ýolbaşçylyk edýän edarasynyň alyp barýan işleri, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň degişli düzümlerde işleri döwrüň talaplaryna laýyklykda guramak boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler.
Türkmenistanyň Prezidenti ýolbaşçylaryň hasabatlaryny diňläp olar barada degişli tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň