Soňky habarlar

Arhiw

Dekabr aýynda Türkmenistanda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler

15:2901.08.2018
0
4843

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 31-nji iýulda geçirilen bilelikdäki mejlisinde wise-premýer Ç.Gylyjow şu ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisini geçirmek hakyndaky teklibi döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürledi.
15 — 17-nji dekabrda geçirilmegi meýilleşdirilen bu çäräniň esasy maksady Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny giňeltmek, şeýle hem bu ýurduň dürli sebitlerinden bolan kompaniýalaryň eksport mümkinçiliklerini hem-de senagat kuwwatlyklaryny görkezmek bolup durýar.
Döwlet Baştutany hyzmatdaşlygyň uzak möhletleýin meýilnamalary üçin binýadyň hut şu nukdaýnazardan guralýandygyny aýdyp, Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisiniň anyk iş maksatnamasyny taýýarlap, onuň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek barada wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň