Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-a sapar bilen gider

03:4301.08.2018
0
6596

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 31-nji iýulda geçirilen bilelikdäki mejlisinde 29-njy sentýabr — 2-nji oktýabr aralygynda hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň işine gatnaşmagy üçin ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherine sapary meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň goldaw bermeginde ýurdumyzyň öňümizdäki ählumumy forumda ileri tutulýan garaýyşlarynyň işlenip taýýarlanylandygy hem-de tassyklanylandygy bellenildi. Şol garaýyşlar diplomatik ýollar arkaly BMG-ä agza ýurtlaryň ählisine ugradyldy hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap edildi.
Ýurdumyz giň halkara hyzmatdaşlyk strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik esasda guralýan hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýär.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň işine gatnaşmagyna Milletler Bileleşiginiň doly hukukly agzasy hökmünde özüniň yzygiderli işiniň dowamy hökmünde garaýandygyny belledi. Biziň ýurdumyz parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, sebit hem-de dünýä möçberinde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge degişli esasy meseleleriň özara ylalaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamak boýunça umumy tagallalary birleşdirmäge işjeň gatnaşýar.
Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň wise-başlyklygyna ençeme gezek saýlanylmagy, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň iri düzümleriniň birnäçesiniň düzümine girmegi ýurdumyzyň halkara abraýynyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär. Iýun aýynda ýurdumyz 2019 — 2021-nji ýyllar üçin BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (EKOSOS) agzalygyna saýlanyldy.
Türkmen tarapynyň döredijilikli başlangyçlary Milletler Bileleşiginiň hemişe goldawyna mynasyp bolup, BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalarynda berkidilýär. Şolaryň hatarynda 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakynda Kararnama bar. Bu resminamada BMG Türkmenistanyň sporty we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek, jemgyýetiň ekologiýa medeniýetini kemala getirmek, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygyny höweslendirmek boýunça alyp barýan işini goldady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň