Türkmen wekiliýeti GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşar

03:1901.08.2018
0
4126

28-nji sentýabrda Täjigistanyň Duşenbe şäherinde GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçiriler. Mälim bolşy ýaly, 2019-njy ýylda ýurdumyz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk eder. Şunuň bilen baglylykda, degişli meýilnamanyň taslamasy taýýarlanyldy. Ol Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 31-nji iýulda geçirilen bilelikdäki mejlisinde milletiň Lideriniň garamagyna hödürlenildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Geňeşiniň sentýabr aýynda geçiriljek mejlisiniň gün tertibine geçip, ýurdumyzyň 2019-njy ýylda Arkalaşyga başlyklyk etmegi kabul etmek bilen, GDA-nyň giňişliginde umumy bähbitlere laýyk gelýän köpugurly hyzmatdaşlygy berkitmäge ýardam etjekdigini nygtady.
Milli Liderimiz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň daşary syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. Biziň Bitarap Watanymyz GDA-nyň assosiirlenen agzasy bolmak bilen, ägirt kuwwata hem-de dürli ulgamlarda uly mümkinçiliklere eýe bolan döwletara gatnaşyklaryny ösdürmäge saldamly goşant goşýar. Başlyklyk etmeginiň çäklerinde türkmen tarapy Arkalaşygyň düzümindäki edaralaryň işiniň geljekde hem anyk netijelere gönükdirilmegi ugrunda tagallalary etmegi göz öňünde tutýar. Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, ähli guramaçylyk we beýleki meseleleriň üstünde içgin işlemegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň