Soňky habarlar

Arhiw

12-nji awgustda Hazarýaka ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygy geçiriler

01:4201.08.2018
0
4247

Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 31-nji iýulda geçirilen bilelikdäki mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministry R.Meredowyň hasabatynda aýdyldy. Duşuşyk Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde geçiriler.
Milletiň Lideri Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň öňümizdäki duşuşygy barada durup geçip, ýurdumyzyň başlangyjy boýunça Hazar deňzi boýunça wajyp meseleleriň köpüsini çözmek mümkin boldy. Mälim bolşy ýaly, 1996-njy ýylda türkmen paýtagtynda Hazarýaka döwletleriň daşary işler ministrleriniň duşuşygy boldy diýip belledi. Şonda türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky konwensiýany işläp taýýarlamak boýunça gepleşikleriň guramaçylyk-hukuk guraly kesgitlenildi. 2002-nji ýylda bolsa Aşgabatda Hazarýaka döwletleriniň 1-nji sammiti geçirildi. Şonuň netijeleri degişlilikde, 2007-nji, 2010-njy hem-de 2014-nji ýyllarda Tähranda, Bakuwda we Astrahanda geçirilen duşuşyklarda kabul edilen möhüm çözgütleriň özenini düzdi. Şeýlelikde, tejribäniň görkezişi ýaly, türkmen tarapynyň bu başlangyjy öz wagtynda öňe sürlen hem-de taryhy geljekde uly gyzyklanma döredilýän başlangyçlar boldy.
Biz mundan beýläk hem parahatçylyk we dostluk deňzi bolan Hazaryň kenarynda ýerleşýän ýurtlaryň arasyndaky doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam ederis diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de wise-premýere, daşary işler ministrine birnäçe tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň