Owgan halky türkmen Liderine hoşallyk bildirýär

00:5301.08.2018
0
4316

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Owganystan Yslam Respublikasynyň Bathyz welaýatynyň häkimi Abdul Gafur Malikzaýdan hat gelip gowuşdy. Ol öz hatynda Rabatkaşaň — Kalaýnau elektrik geçiriji ulgamyň işe girizilmegi bilen bagly demirgazyk sebitiň ýaşaýjylarynyň adyndan türkmen Liderine tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.
Owganystanyň ýurdumyz bilen serhetýaka welaýatynyň häkimliginiň ýolbaşçysynyň hatynda, hususan-da, “owgan ýaşaýjylarynyň ojaklary hut Siziň üns bermegiňiz bilen gurlan, Owganystanyň Prezidentiniň hem-de Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň wekilleriniň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berlen, kuwwaty 110 kilowoltlyk elektrik geçirijisiniň şuglasy bilen nurlandy” diýilýär.
OYR-nyň Bathyz welaýatynyň häkimi hatynyň ahyrynda ýurtlarymyzyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi hem-de owgan halkyna asuda durmuşy gurmakda berilýän goldaw üçin çuňňur hoşallygyny beýan etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň