Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti söwda toplumynyň ýolbaşçy weziplerinde özgertmeleri geçirdi

23:4431.07.2018
0
6663

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 31-nji iýulda geçirilen bilelikdäki mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti mejlisiň dowamynda başga işe geçmegi sebäpli, D.Orazmyradowy söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri wezipesinden boşatdy.
Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri wezipesine A.Işanowy belläp, ony Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy wezipesinden boşatdy.
Şeýle hem Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy wezipesine B.Çaryýewi bellemek hakynda Permana gol çekdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň