Ýoldaşlyk duşuşygynda “Şagadam” Gananyň toparyny ýeňdi

10:4831.07.2018
0
3267

Türkmenistanyñ futbol boýunça milli çempionatynyñ "Ýokary Ligasynyň" 1-2-nji aýlawlarynyň netijeleri boýunça üçünji orny eýeleýän Türkmenbaşy şäheriniň "Şagadamy" Türkiýäniň Afýon şäherinde geçirýän okuw-türgenleşiginiň dowamynda Gananyň FK “Sanodisko” topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Bu duşuşykda “Şagadam” 2:1 hasabynda üstün çykdy. — diýip, TFF-niň resmi saýtynda (tff.com.tm) ýazylýar.
“Şagadam” toparynyň futbol çempionatymyzyň üçünji aýlawynyň birinji duşuşygyny 4-nji awgustda öz meýdançasynda “Energetik” toparynyň garşysyna geçirýändigini ýatladýarys.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň