Soňky habarlar

Arhiw

Hytaý Halk Respublikasynyň we Horwatiýa Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerine seçip alyş işini geçirýär

00:1631.07.2018
0
14214

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2018 — 2019-njy okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Sinhaý welaýatynyň we Horwatiýa Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerine seçip alyş işini geçirýär

Hytaý Halk Respublikasynyň Sinhaý welaýatynyň we Horwatiýa Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerine umumy orta ýa-da orta hünär bilimli, ýaşy 35-den geçmedik, degişli daşary ýurt dillerini bilýän Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Hünärleriň sanawy, Hytaý Halk Respublikasynyň Sinhaý welaýatynyň we Horwatiýa Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerine okuwa kabul edilýänleriň sany, şeýle hem okuwyň şertleri baradaky maglumaty Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň kabul ediş toparyndan alyp bolar.

Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň kabul ediş topary tarapyndan 2018-nji ýylyň 1 — 8-nji awgusty aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— Türkmenistanyň raýaty üçin bellenen nusga boýunça arza we sowalnama;

— umumy orta bilim ýa-da orta hünär bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenen nusgadaky saglyk güwänamasy (Türkmenistanyň çäginden daşary ýurtlardaky ýokary okuw mekdeplerine girmek barada dalaş edýän raýatlaryň saglyk güwänamasy);

— soňky okan ýa-da işlän ýerinden (harby bölümden) häsiýetnama;

— 3x4 sm möçberde on iki sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, döwlet orta we ýokary hünär bilim edaralaryna kabul edilende, artykmaçlyklardan peýdalanýan mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, kabul ediş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny hem-de raýatyň Türkmenistandan gitmek we ýurda gelmek üçin pasportyny;

— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Institutyň kabul ediş topary zerur bolan ýagdaýynda, Hytaý Halk Respublikasynyň Sinhaý welaýatyna we Horwatiýa Respublikasyna okamaga gitmek üçin gerekli goşmaça maglumatlary dalaşgärden sorap biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we seçip alyş işi 2018-nji ýylyň 14 — 16-njy awgusty aralygynda Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynda (Aşgabat ş.) geçirilýär.

Giriş synaglary umumybilim berýän derslerden test, şeýle hem Türkmenistanyň taryhyndan söhbetdeşlik görnüşinde geçirilýär.

Test — ýazmaça, söhbetdeşlik — dilden, Türkmenistanyň döwlet dilinde geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaglara gelip bilmedikler ýa-da synaglaryň birinden geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär.

Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň salgysy: Aşgabat ş., Oguzhan köçesi, 13; tel.: 49-41-72, 49-05-42.

-----------------------------------------

2018-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň tertibi bilen şu ýerde tanyş bolup bilersiňiz.

-----------------------------------------

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň