Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

23:5530.07.2018
0
4439

30-njy iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşykda nobatdaky wideoşekilli maslahaty geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna, döwlet durmuşynyň beýleki möhüm meselelerine garaldy.
Iş maslahatynyň barşynda döwlet Baştutany Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň paýtagtymyzda gurulýan desgalarda işleriň barşy, gurluşygyň depginini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler baradaky hasabatyny diňläp, Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmek boýunça wezipeleri çözmekde örän çynlakaý we jogapkärli gatnaşygyň zerurdygyny nygtady we ähli şäher gulluklarynyň degişli derejede sazlaşykly işlemeginiň möhümdigini belledi.
Milletiň Lideri paýtagtymyzdaky bilim edaralaryny täze okuw ýylyna taýýarlamak, gyşky ýyladyş möwsümine taýýarlanmak, şäherde gurulýan desgalaryň hiline we olaryň bellenen möhletlerde ulanyşa tabşyrylmagyna berk gözegçilik etmek baradaky meselelere hem seretdi.
Welaýat häkimleri sebitlerdäki işleriň ýagdaýy, welaýatlaryň hojalyklarynda pagta ýygymynyň başlanmagyna we güýzlük bugdaýyň ekişine taýýarlyk görmekde işleriň barşy barada hasabat berdiler. Hasabatlarda obany özgertmegiň milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň ýerine ýetirilişiniň barşy öz beýanyny tapdy.
Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp, möhüm oba hojalyk möwsümine – pagta ýygymyna taýýarlyk işleriniň guralyşynyň degişli derejede däldigine ünsi çekdi bu ugurda oba hojalyk tehnikasynyň ýagdaýyna nägilelik bildirdi. Milli Liderimiz pagta ýygyjy kombaýnlary, traktorlary we beýleki tehnikalary möwsüme taýýarlamagyň pes derejededigini belläp, häkimden emele gelen ýagdaýy seljermegi hem-de olary düzetmek üçin degişli çäreleri görmegi welaýatlaryň ýolbaşçylaryndan talap etdi.
Mundan başga-da, milletiň Lideri sebitlerde desgalary bellenen möhletlerde tabşyrmakda gurluşyk işlerini öz wagtynda we ýokary hilli tamamlamak, täze okuw ýylyna, şeýle hem gyşky möwsüme ýyladyş ulgamyny taýýarlamak üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigini tabşyrdy. Bu babatda käbir etraplarda alnyp barylýan işlere bolsa nägilelik bildirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň