Boliýan "Aşgabada", Abdyrahmanow ýene "Energetige" geçdi

17:1129.07.2018
0
1302

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýtynda ýene iki transfer barada habar berildi. Olaryň birinjisi "Şagadamyň" hüjümçisi Aleksandr Boliýan, ikinjisi bolsa ýene-de şol topardan Alibek Abdyrahmanow barada. Habarlarda aýdylyşy ýaly, Aleksandr Boliýan milli çempionatymyzyň üçünji-dördünji aýlawlarynda "Aşgabadyň", Alibek Abdyrahmanow bolsa Marynyň "Energetik" futbol toparynyň düzüminde çykyş eder.

Bu futbolçylar barada giňişleýin maglumat:

Ady familiýasy: Boliýan Aleksandr.

Doglan senesi: 27.07.1989 ý.

Soñky çykyş eden topary: "Şagadam"     

Transfer bolan topary: "Aşgabat"

Belgisi: 10        

Boýy: 191 sm.         

Agramy: 78 kg.                 

Meýdançadaky orny: hüjümçi

Çykys eden toparlary:

2005-2010-njy ýyllar aralygynda "Şagadam"

2011-nji ýylda "Ahal"

2012-nji we 2013-nji ýyllarda "Şagadam"

2014-nji ýylyň birinji ýarymyny "Dinamo Samarkand" (Özbegistan) - ikinji ýarymyny "Balkan" toparynda geçirdi.

2015-nji we 2016-njy  ýyllarda "Balkan"

2017-nji ýylda "Şagadam"

2018-nji ýylyñ 1-2-nji aýlawy "Şagadamda"

2018-nji ýylyñ 3-4-nji aýlawy"Aşgabat" toparynda çykyş eder.

Gazanan kuboklary:

2007-nji ýylda "Şagadam" topary bilen Türkmenistanyñ futbol kubogyny eýeledi.

2008-nji ýylda "Şagadam" topary bilen Türkmenistanyñ Naýbaşy Kubogyna mynasyp boldy.

***

Ady familiýasy: Alibek Abdurahmanow

Doglan senesi: 05.06.1990.

Soñky çykyş eden topary: "Şagadam"         

Transfer bolan topary: "Energetik"

Belgisi: 11            

Boýy: 1.78 sm          

Agramy: 70 kg                  

Meýdançadaky orny: Ýarym goragçy       

Çykys eden toparlary:

2010-njy we 2011-nji ýylda "Lebap Bagtyýarlyk"

2012, 2013, 2014-nji ýyllarda ýylda "Balkan"

2015-nji ýylda "Ahal"

2016-njy we 2017-nji ýyllarda "Energetik"

2018-nji ýylyñ 1-2-nji aýlawdynda "Şagadamda"

2018-nji ýylyñ 3-4-nji aýlawdan başlap "Energetik" toparynda çykyş eder.

Gazanan kuboklaryn:

2012-nji ýylda "Balkan" topary bilen Türkmenistanyñ çempiony boldy.

2012-nji ýylda "Balkan" topary bilen Türkmenistanyñ "Naýbaşy Kubogyna" mynasyp boldy.

2012-nji ýylda Aşgabat şäheriniñ "Aşgabat" stadionynda "Balkan" topary bilen Türkmenistanyñ futbol kubogyny eýeledi.

2013-nji ýylda "Balkan" topary bilen Aziýanyñ Futbol Konfederasiýasynyñ prezidentiniñ kubogynyny eýelemegi başardy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň