Ýüpek ýoly Türkmenbaşynyň Halkara portuny Gara deňzinde Rumyniýanyň Konstans porty bilen birleşdirer

12:5029.07.2018
0
4169

«Rumyniýa Gara deňizdäki Konstans portunyň Hazar we Gara deňizlerini birleşdirýän möhüm ulag-üstaşyr geçelgeleriniň birine öwrülmegi üçin ähli mümkinçiliklerden peýdalanmalydyr» diýip, Rumyniýanyň DIM-niň döwlet sekretary Magdalena Grigore ulag meseleleri boýunça geçen hepdede Türkmenbaşyda geçirilen türkmen-rumyn işewür toparynyň mejlisinde beýan etdi. Bu barada Orient saýtynda habar berilýär.

Türkmen tarapyndan duşuşykda daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew ýolbaşçylyk etdi.

Rumyniýaly wekiliň aýtmagyna görä, Konstans Türkmenistandan we beýleki Merkezi Aziýa döwletlerinden Ýewropa bazarlaryna harytlary ibermekligi üpjün etmek çygrynda Türkmenbaşy portundan, şeýle hem Gazagystandan we Özbegistandan iberilýän ýükleri ÝB geçirmek üçin geçelge bolup biler.

Bu pikiri durmuşa geçirmek üçin ÝB-de başlyklyk etmekliginiň çäklerinde Buharest 2019-njy ýylyň birinji ýarymynda Hazar-Gara deňiz geçelgesiniň taslamasyny Ýewropa Bileleşiginiň degişli düzümlerine ýetirmek üçin tagallalary etmegi meýilleşdirýär.

Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar Beýannama gol çekdiler. Onda deňiz, awtomobil, howa we demir ýol ulaglarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meýilnamalary görkezildi.

Resminamada şeýle hem Hazar-Gara deňzi ulag-üstaşyr geçelgesini döretmek hakynda syýasy jarnama gol çekmek boýunça syýasy-diplomatik tagallalary işjeňleşdirmeklige bolan ynam tassyklanyldy. Şunuň bilen baglylykda, ýakynda wagtda Azerbaýjanyň we Gruziýanyň gatnaşmagynda dörttaraplaýyn gepleşikleri geçirmek meýilleşdirilýär.

Konstans we Türkmenbaşy portlarynyň mümkinçiliklerini ulanmak arkaly oňaýly ulag ugurlaryny işläp düzmek bilen meşgullanýan Bilelikdäki türkmen-rumyn işewürler topary 2012-nji ýylyň oktýabrynda gol çekilen ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ahtnamanyň esasynda döredildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň