Soňky habarlar

Arhiw

“Amul — Hazar 2018” daşary ýurtlarda tanyşdyrylýar

18:0428.07.2018
0
5876

Sentýabr aýynda Garagumyň çölüniň jümmüşi, Beýik Ýüpek ýolunyň Türkmenistandaky yzlary boýunça geçiriljek “Amul — Hazar 2018” atly halkara awtoralli ýaryşy sportuň bu gyzykly görnüşiniň bütin Ýer ýüzündäki muşdaklaryny birparh goýanok. Dürli döwletlerde geçirilýän tanyşdyryş dabaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleridir internet sahypalaryndaky mahabatlaryň netijesinde oňa gatnaşmak isleýän toparlaryň sany gün-günden köpelýär.

Şu günler bu halkara ýaryşyň daşary döwletlerdäki tanyşdyryş dabaralary yzygiderli geçirilýär. Muňa diňe geçen hepdäniň dowamynda Saud Arabystanynda, Türkiýede, Ýaponiýada, Azerbaýjanda, Awstraliýada we Koreýa Respublikasynda geçirilen dabaralar hem şaýatlyk edýär.

Diäe bular hem däl. Birleşen Arap Emirlikleriniň Awtoulag sport federasiýasynyň we Emirlikler Awto Klubynyň prezidenti bilen duşuşykda arap tarapy bu iri ýaryşa hormatly myhman bolup gatnaşmak baradaky çakylygy uly şatlyk bilen kabul etdi. Duşuşykda-da nygtalyşy ýaly, bu ýaryşa BAE-niň toparlary hem gatnaşmaga isleg bildirýärler.

“Amul — Hazar 2018” Rumyniýanyň Orastie şäherinde geçirilen halkara ralli çempionatynyň çäginde hem tanyşdyryldy. Bu ýerde geçirilen ýaryşa gatnaşan sport awtoulaglarynyň käbiriniň “Amul — Hazar 2018-iň” mahabat nyşany bilen bezelmegi bolsa has-da guwandyryjydyr.

Şeýle çäreler ýakynda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherinde we Awstriýa Respublikasynda hem geçirildi. Bu dabaralaryň “Ýüpek ýoly 2018” we “Rallye Weiz” halkara ralli ýaryşlarynyň geçirilýän döwrüne gabat gelmegi olaryň ähmiýetini has-da artdyrýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň