Soňky habarlar

Arhiw

“Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi” žurnalynyň täze sany çapdan çykdy

22:0224.07.2018
0
5046

Žurnalyň täze sany ýurdumyzda şu ýylyň dowamynda ulanmaga berlen desgalar hakyndaky makalalar bilen başlanýar. Gürrüň şu ýylyň maý aýynda ulanmaga berlen Türkmenbaşynyň Halkara deňiz porty hakynda barýar.
Žurnalyň täze sanynda Seýsmiki durnuklylyk ylmy-barlag institutynyň işi hakynda gürrüň berýän makala hem ýerleşdirildi. Okyjy Ylmy-barlag institutynyň düzümine girýän barlaghananyň wezipeleri, amala aşyrylýan synaglar bilen tanşar. Şol ýerde şu wagtda täze işläp taýýarlamalar, institutyň hünärmenleriniň kesgitlemeleri we maslahatlary önümçilige ornaşdyrylýar. Bu bolsa desgalaryň ygtybarlylygynyň we uzak möhletleýinliliginiň baş şertidir.
Makalalaryň ýene birine “Ajaýyp eýýamyň “Täze zamany” ady bilen berlipdir. Ol Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde emele gelen Täze zaman ýaşaýyş toplumy hakynda gürrüň berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň