Türkmen Lideri Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

21:4024.07.2018
0
4437

24-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow özbek kärdeşini doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlady we oňa berk jan saglyk, rowaçlyk hem-de doganlyk özbek halkynyň abadançylygynyň bähbidine öňe sürýän ähli başlangyçlarynda we işinde täze uly üstünlikleri arzuw etdi. Prezident Şawkat Mirziýoýewiň öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda Özbegistan durmuşyň ähli ulgamlarynda ajaýyp üstünliklere eýe boldy. Ýokary döwlet wezipesindäki netijeli işi, uly syýasy tejribesi we hünär ussatlygy özbek Lideriniň halkara bileleşiginiň uly hormatyna we abraýyna eýe bolmagyna getirdi diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Prezident Şawkat Mirziýoýew gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, Özbegistan Respublikasynyň doganlyk Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklara uly sarpa goýýandygyny nygtady. Soňky ýyllarda şol gatnaşyklar taraplaryň strategik hyzmatdaşlygy ösdürmäge çalyşýandygyna daýanyp, täze many-mazmun bilen baýlaşdyryldy.
Söhbetdeşligiň dowamynda goňşy döwletleriň Baştutanlary deňhukuklylyk, birek-biregiň bähbitlerine hormat goýmak we özara goldaw bermek ýörelgeleri esasynda guralýan türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny anyklaşdyrdylar. Taraplar özara gyzyklanma bildirilýän sebit we ählumumy gün tertibiniň wajyp meseleleriniň birnäçesi boýunça hem pikir alyşdylar. Şunda Türkmenistanyň we Özbegistanyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we ösüşi üpjün etmek maksady bilen, halkara giňişliginde netijeli gatnaşyklara ygrarlydygy tassyklanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň