Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

12:3824.07.2018
0
5376

23-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de welaýat häkimleriniň gatnaşmagynda wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň welaýatlaryny we paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen bagly möhüm meseleler girizildi.
Iş maslahatynyň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew gözegçilik edýän pudaklarynyň alyp barýan işleri barada hasabat berdi. Türkmen Lideri wise-premýere ýüzlenip, Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň zähmet rugsadynda bolmagy sebäpli, şu günden başlap, onuň wezipe borçlaryny hem wagtlaýyn ýerine ýetirmelidigini aýtdy.
Milletiň Lideri wise-premýere paýtgatdaky gurluşyk işleri, gyşky möwsüme taýýarlyk bilen bagly tabşyryklary berdi. Iş maslahatynda “Rabatkaşan — Kalaýnau” elektrik geçirijisiniň we elektrik bekediniň gurlup, ulanmaga berilmegi bilen bagly wezipelere-de seredildi.
Ahal welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew welaýatda, şol sanda obasenagat toplumynda işleriň ýagdaýy, pagta ýygymyna taýýarlyk;
Balkan welaýatynyň häkimi Ý.Gylyjow günbatar sebitde alnyp barylýan işler, obasenagat toplumynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça görülýän çäreler;
Daşoguz welaýatynyň häkimi M.Baýramgulyýew sebitdäki işleriň ýagdaýy, galla oragyny üstünlikli tamamlamak, gowaçanyň hasyl toplaýan döwründe oňa agrotehnikanyň kadalaryna laýyk ideg etmek — dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işlerini ýokary derejede guramak babatda alnyp barylýan işler;
Lebap welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew sebiti durmuş-ykdysady taýdan has-da okgunly ösdürmek üçin görülýän çäreler, oba hojalyk toplumynda işleriň ýagdaýy;
Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew gündelik oba hojalyk işleriniň barşy, olaryň depginini güýçlendirmek, şeýle hem pagta ýygymy möwsümine taýýarlyk görmek boýunça geçirilýän işler, Oba milli maksatnamasynda bellenilen desgalarda gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdiler.
Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow awgust aýynda meýilleşdirilen halkara çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Iş maslahatynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli instituty bilen Döwlet we hukuk institutyny goşup, bir instituty, ýagny Döwlet, hukuk we demokratiýa institutyny döretmek barada karar kabul edildi. Milli Liderimiz täze döredilen institutyň direktory wezipesine Ý.Nuryýewi bellemek hakynda karara gelendigini aýdyp, degişli Permana we Karara gol çekdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň