Türkmenistanyň elektrik energiýasynyň Owganystana iberilişi artdyrylýar

12:2024.07.2018
0
4692

23-nji iýulda geçirilen göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatynda milletiň Lideriniň belleýşi ýaly, Türkmenistanda öndürilýän elektrik energiýasynyň bir bölegi Owganystanyň demirgazyk welaýatlaryna ýeňillikli şertlerde iberilýär. Goşmaça elektrik beketleriniň we desgalarynyň gurluşygynyň tamamlanmagy bilen, goňşy döwlete iberilýän elektrik energiýasynyň möçberi has-da artdyrylar.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň iýulynda Owganystanyň Prezidenti Aşraf Ganiniň gatnaşmagynda “Rabatkaşan — Kalaýnau” elektrik geçirijisiniň we elektrik bekediniň gurlup, ulanmaga berilmegi mynasybetli açylyş dabarasynyň geçiriljekdigini aýtdy. Bu möhüm taslamanyň işe girizilmegi doganlyk Owganystanyň Bathyz welaýatynyň we ýanaşyk sebitleriniň ykdysady taýdan ösmegine, hususan-da, täze ýaşaýyş-durmuş maksatly we önümçilik desgalaryny gurmaga hem-de täze iş ýerlerini döretmäge uly itergi berer. 
Döwlet Baştutany möhüm desganyň açylyş dabarasyna energetika ministri Ç.Pürçekowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň wekiliýetiniň gatnaşmagyny makul bilýändigini aýtdy. 
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew türkmen elektrik energiýasynyň Owganystana iberilýän möçberlerini has-da artdyrmak boýunça bar bolan mümkinçilikler barada habar berip, goňşy ýurduň serhetýaka sebitlerinde ýene-de üç ugur boýunça elektroenergetika desgalaryny gurmak baradaky teklip bilen milletiň Liderine ýüzlendi.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu teklibiň maksada laýykdygyny belläp, Türkmenistanyň geljekde hem doganlyk döwleti durmuş-ykdysady taýdan dikeltmäge, şol sanda elektroenergetika ulgamynda özara gatnaşyklary berkitmäge we giňeltmäge hemmetaraplaýyn goldaw berjekdigini aýdyp, bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň