Türkmenistan Eýranyň halkyna ynsanperwerlik kömegini berýär

11:4524.07.2018
0
10781

Türkmenistanyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryndan ugur alyp, Eýranyň Kermanşah welaýatynda bolan ýertitremesi zerarly ejir çeken ilata ynsanperwer kömegini bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, käbir ministrliklere we edaralara Eýran Yslam Respublikasyna muzdsuz ynsanperwer kömegi bermek tabşyryldy.
Uçar bilen iberilen ynsanperwer ýük şu gün doganlyk Eýrana baryp gowuşdy hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Gyzyl ýarymaý jemgyýetine ýetirildi. Türkmenistan ilkinjileriň hatarynda goňşy ýurduň doganlyk halkyna ynsanperwer kömegi iberdi. Kermanşah welaýatynyň häkimi Huşang Bazwand türkmen wekiliýetinden doganlyk ynsanperwer kömegi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çäksiz hoşallyk sözlerini ýetirmegi haýyş etdi. 
Goňşy halklar bilen dostlukly gatnaşyklary saklamagyň we ösdürmegiň, zerur bolan ýagdaýynda kömek bermek üçin gol uzatmagyň gadymdan gelýän däpleri türkmenlerde asyrlarboýy dowam edip, nesilden-nesle geçip gelýär. Goňşy Eýranyň günorta-gündogarynda bolup geçen tebigy hadysa uly weýrançylyklara getirip, ýerli ilat ejir çekdi. Milletimize mahsus bolan ynsanperwerlik we rehimdarlyk ýörelgelerinden ugur alýan Türkmenistan tebigy betbagtçylyk baradaky habara seslenip, Eýranyň halky üçin ynsanperwer kömegini iberdi.
Şu ynsanperwer çäre iki goňşy döwletiň arasyndaky gatnaşyklary berkitmäge hyzmat edip, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däpleriniň mizemezdiginiň ýene bir aýdyň mysalyna öwrüldi.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň