Soňky habarlar

Arhiw

"Gaziantepspor" "Şagadamy" penaltydan ýeňdi

02:3024.07.2018
0
3396

Türkmenistanyñ futbol boýunça milli çempionatynyñ "Ýokary Ligasynyň" 1-2-nji aýlawlarynyň netijeleri boýunça üçünji orny eýeleýän Türkmenbaşy şäheriniň "Şagadamy" Türkiýäniň Afion şäherinde okuw-türgenleşigini geçirýär. Futbol çempionatymyzyň  3-4-nji aýlawyna  taýynlyk görmegini dowam edýän Türkmenbaşy şäheriniň topary ilkinji ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Ýerli “Gaziantepspor” topary bilen duşuşan “Şagadam” 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar boldy. Türk topary netijeli urgyny duşuşygyň birinji ýarymynda 11 metrlik jerime urgusyndan geçirdi.

 Mundan başga-da, “Şagadam” okuw-türgenleşiginiň dowamynda MG “Oran” hem-de “Bursaspor” toparlary bilen ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirmegi meýilleşdirýär. Toparyň Türkiýedäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygy 31-nji iýula çenli dowam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň