Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ýetginjek futbolçylary halkara ýaryşa girişdiler

15:2423.07.2018
0
7787

Ozal hem habar berşimiz ýaly, şu günler Özbegistanyň Daşkent şäherinde 15 ýaşa çenli ýetginjek futbolçylaryň arasynda Merkezi Aziýanyň çempionaty geçirilýär. Ol CAFA (Merkezi Aziýa futbol assosiasiýasy) tarapyndan gurnalýar.
22-nji iýul Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysy ýaryşyň çägindäki ilkinji duşuşygyny geçirdi. Özbegistanyň ýetginjekleri bilen geçirilen duşuşyk 4:1 hasabynda ýerli ýygyndynyň peýdasyna tamamlandy. Günüň beýleki duşuşyklarynda Eýranyň ýygyndysy gyrgyz futbolçylaryny 2:0, täjigistanly futbolçylar Owganystandan gelen ýetginjekleri 3:0 hasabynda ýeňdiler.
Türkmen futbolçylary ýaryşdaky ikinji duşuşygyny 24-nji iýulda Eýranyň ýygyndysyna garşy geçirer. Duşuşyk şäheriň Ulaglar institutynyň stadionynda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň