Dünýä çempionaty — 2018-de işlän türkmenistanly meýletinçi bilen söhbetdeşlik

02:3623.07.2018
0
9167

Russiýada ýakynda üstünlikli tamamlanan futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli döwletlerden müňlerçe meýletinçi işledi. Olaryň hatarynda türkmenistanly meýletinçiler hem bar. Şu gün biz okyjylarymyzy olaryň biri bilen tanyşdyrmak isleýäris.
Tanyş boluň: Aşgabatda doglan Süleýman Kömekow 2012-nji ýylda paýtagtyň 7-nji orta mekdebini üstünlikli tamamlady. Häzirki wagtda Samaranyň döwlet ykdysadyýet uniwersitetinde okaýan ildeşimiz Dünýä çempionatynyň çärýek finalynda Şwesiýa — Angliýa duşuşygynda meýletinçi bolup işlänsoň, bu ýokary okuw mekdebiniň gutardyş diplomyny aldy. Süleýman Dünýä çempionatynda köpçülikleýin habar beriş serişdelerine meýletin ýardam berdi.

— Bir ýarym ýyl mundan ozal FIFA-nyň resmi saýtynda Konfederasiýa kubogy — 2017 we Dünýä çempionaty — 2018-e meýletin ýardamçylyk üçin ýüztutmalaryň kabul edilýändigi baradaky bildiriş ýerleşdirildi. Men dessine ýüz tutdum — diýip, Süleýman meýletinçilik işine nähili gelşi barada gürrüň berýär. — Konfederasiýa kubogy ugrundaky ýaryşda biziň şäherimizde duşuşyk geçirilmedi. Kazana-da gitmek nesip etmedi. Dogrusy, şol ýaryşa Samara şäherinden gitmeli meýletinçileriň sanawynda ilki başda adym bardy. Ýöne duşuşyklar üçin Samaradan diňe 15 meýletinçiniň gerekdigini aýtdylar. 2017-nji ýylyň güýzünde bolsa meni Meýletinçileriň Samaradaky merkezine Dünýä çempionaty üçin saýlama tapgyra çagyrdylar. Ol ýerde maňa köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen işleşmek teklip edildi. Men ikelläp razy boldum.

Meýletinçilik işi babatynda ozal tejribäň bardymy?

— Hawa, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň geçiren dabarasynda medeni çäräni gurnamaga kömek beripdim.

Dünýä çempionaty — 2018 sende nähili täsir galdyrdy?

— Örän gowy sport baýramçylygy boldy. Ýaryş başlanmazyndan ozal, şäherde käbir ýagdaýlaryň hem bolandygyny aýtmak gerek. «Samara-Arena» çempionata kynlyk bilen ýetişdirildi. Hatda şu stadiondaky duşuşyklary başga bir şähere geçirmek, başga stadionlarda oýnamak ýaly ýollar hem gözlenildi. Ýöne tolgunmalar tiz ýatyşdy. Gurluşykçylaryň yhlasly zähmeti bilen stadion çempionata ýetişdirildi, bu gün «Samara-Arena» örän ajaýyp stadiona öwrüldi.
Geçen ýyl maňa Konfederasiýa kubogynda Kazan şäherinde geçirilen Portugaliýa — Meksika duşuşygyna tomaşaçy hökmünde gatnaşmak nesip etdi. Şonda Dünýä çempionatyna şärik bolmagyň tagamyny azda-kände dadypdyk. Dünýä çempionatynyň özi bolsa garaşyşymyzdan hem gowy gurnaldy. Ähli zat, iň ownuk aýratynlyklaryna çenli ýokary derejede ýola goýuldy. Meýletinçiler üçin hem örän oňat mümkinçilikler döredildi: mugt giriş, iýmit, başga şäherlerden gelen meýletinçiler üçin myhmanhana — ähli zat üpjün edildi. Çempionatyň hemaýatkäri «Adidas» komapniýasy bizi meýletinçileriň lybasy, «Koka-Kola» bolsa çäksiz içgi bilen üpjün etdi. Biziň işlän meýletinçiler merkezlerimizde bolsa ähli şertler göz öňünde tutulypdyr.

Russiýadaky meýletinçiligiň ýene nähili ýakymly ýatlamalary bar?

— Haçanda, 6-njy maýda «Samara-Arena» stadiony açylanda, şäheriň «Krylýa Sowetow» we Krasnodaryň «Kuban» toparlarynyň arasynda ýoldaşlyk duşuşygy geçirildi. Şonda men iki watandaşym — meşhur kosmonawt, Russiýanyň Gahrymany, ýokary derejeli döwlet baýraklarynyň ençemesiniň eýesi, Türkmenistanyň bolsa «Prezidentiň ýyldyzy» ordeniniň eýesi Oleg Kononenko we «Kubanyň» balkanabatly futbolçysy Azat Baýryýew bilen tanyşdym. 
Dünýä çempionatynyň çäginde «Samara-Arenada» ilkinji duşuşyk Kosta-Rikanyň hem-de Serbiýanyň ýygyndylarynyň arasynda geçdi. Şonda ozal Angliýanyň «Çelsisinde», häzir bolsa Sankt-Peterburgyň «Zenitinde» çykyş edýän Bronislaw Iwanowiçden, «Mançester Ýunaýtediň» futbolçysy Nemanýa Matiçden awtograf almak nesip edipdi. Russiýa — Urugwaý duşuşygyndan soň bolsa Denis Çeryşewden awtograf aldym.
Çempionatyň dowamynda Samarada 6 duşuşyk geçirildi. Maňa şolaryň ählisine gatnaşmak nesip etdi. Köp sanly meýhur futbolçylar, olaryň tälimçileri bilen işleşdik. Hatda çempionatyň iň netijeli hüjümçisi, angliýaly Harri Keýn bilen surata düşmek hem nesip etdi.

Özüň futbol bilen irden bäri meşgullanýaňmy?

— Futbola okuwçy wagtym gyzygyp başladym. Çagalykdan «Çelsä» janköýerlik edýärin. Ýöne klub Ýewropanyň Çempionlar ligasynda kubok alansoň, Ýewropada şowsuz çykyş edip başlady. Soňky dört ýyllykda Kriştianu Ronaldonyň «Realdaky» oýnuna ýokary baha berýärdim. Ol hem täze möwsümde «Ýuwentusyň» düzüminde çykyş eder. Ýöne men häzir hem «Realyň» ölemen janköýeri däl.
Dünýä çempionatynyň duşuşyklary barada aýtmaly bolsa, men ýene-de Germaniýanyň ýygyndysyndan köp zada garaşýardym. Olar bolsa çykyş edýän toparçasyny hem dördünji orunda tamamladylar. Ýöne olaryň Dünýä çempionaty — 2014-däki we soňky Konfederasiýalar kubogyndaky oýunlary ýatdan çykar ýalymy?
Aňymda ýene bir täsirli duşuşyk galypdyr. 2003-nji ýylda Aşgabatdaky Olimpiýa stadionynda Dünýä çempionaty — 2006-nyň saýlama tapgyrynda Türkmenistanyň futbol ýygyndysy Owganystanyň ýygyndysyny 11:0 hasabynda ýeňipdi...

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň