Soňky habarlar

Arhiw

Awazada täze şypahana açyldy

15:0722.07.2018
0
14786

21-nji iýunda Hazaryň türkmen kenarynda «Awaza» şypahanasy açylyp, ulanylmaga berildi. Ýokary halkara ölçeglere kybap gelýän toplum 19 müň inedördül metre golaý meýdanda ýerleşýär.

9 gatly ak mermerli binada ýerleşen dünýäniň esasy önüm öndürijileriniň iň täze lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen merkeziň ýöriteleşdirilen bölümleri dürli bejeriş-dikeldiş hyzmatlaryny etmek, dürli keselleri, şol sanda dem alyş ýollarynyň, daýanç-hereket synasynyň, nerw, endokrin, ýürek-damar ulgamynyň kesellerini anyklamaga niýetlenendir. Şypahanada balneoterapiýa hem-de palçyk bilen bejeriş, howuzly we SPA-ly gidroterapiýa, maslahat beriş-anyklaýyş, dikeldiş, fizioterapiýa hem-de bejeriş beden terbiýesi bölümleri, rentgenografiýa, ultrases barlaglary, elektrokardiografiýa, elektroterapiýa, bejeriş we akupunktura otaglary, kliniki barlaghanalar hem-de beýlekiler bar. Bu ýerde şeýle hem otolaringologyň, stomatologyň we beýleki hünärmenleriň ýokary hilli kömegini almak bolýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň