Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen türgenleri Çarwadarlaryň III Bütindünýä oýunlaryna gatnaşar

18:0321.07.2018
0
1434

Şu ýylyň 2 — 9-njy sentýabry aralygynda Gyrgyzystanyň Çolpon-Ata şäherinde Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlary geçiriler. Üçünji gezek geçiriljek bu oýunlara gatnaşmak üçin häzirki wagtda 44 döwletden ýüztutmalaryň kabul edilendigini Oýunlaryň resmi internet saýty habar berýär. Gatnaşyjy döwletleriň arasynda Türkmenistan hem bar.

Türkmen türgenleriniň Ýer ýüzünde meşhurlygy barha artýan bu Oýunlarda üstünlikli çykyş edip gelýändigini ýeri gelende nygtamak isleýäris. II Oýunlarda biziň türgenlerimiz ýer eýeleriniň wekillerinden soň toparlaýyn ikinji orna mynasyp bolupdylar.

Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlary — 2018-e gatnaşyjylaryň arasynda Awstraliýa, Ermenistan, Bangladeş, Gazagystan, Gruziýa, Hindistan, Indoneziýa, Eýran, Ispaniýa, Mongoliýa, Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Polşa, Özbegistan ýaly döwletleriň türgenleri bolar.

«Elektron akkreditasiýa etmek mümkinçiligi 31-nji iýula çenli açyk bolar. Ýaryşa, umuman, 80 çemesi döwletden 2 müňden gowrak türgeniň gatnaşmagyna garaşylýar» diýip, ýaryşyň guramaçylyk topary habar berýär.

Çarwadarlaryň III Bütindünýä oýunlarynda sportuň 37 görnüşi boýunça ýaryşlar geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň