Soňky habarlar

Arhiw

Ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça türkmen-rumyn iş toparynyň mejlisi geçirildi

18:0121.07.2018
0
3583

20-nji iýulda Türkmenbaşy şäherinde, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Rumyniýanyň Hökümetiniň arasynda ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň esasynda döredilen ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça türkmen-rumyn iş toparynyň üçünji mejlisi geçirildi.

Mejlisiň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Rumyniýanyň Prezidentleriniň ýokary derejedäki, şeýle hem daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda geçirilen duşuşyklarynda gazanylan ylalaşyklaryň güýçlendirilmeginiň zerurlygyny berkitmek we iki ýurduň ulag ugurlaryny ýewropa tarap we yzyna gaýtarmak ugurlary boýunça diwersifikasiýalaşdyrmak üçin iki ýurduň ulag üstaşyr ugurlaryny we ulag infrastrukturasynyň ähli mümkinçiliklerini peýdalanmak barada bellediler.

Geňeşmeleriň gün tertibine laýyklykda, taraplar ähli ugurlarda, ýagny özaragatnaşyklaryň syýasy we söwda-ykdysady ulgamlarynda ikitaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlygyň meselelerine garadylar. Şunuň bilen baglylykda, syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň ýokary derejesini belläp, taraplar bu ugurda özara arkalaşykly hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiligi babatda pikir alyşdylar. Şunlukda, ýokary derejedäki saparlaryň wajyp we uly ähmiýeti aýratyn bellenildi. Halkara forumlaryň we maslahatlaryň çäginde DIM-iň ýolbaşçylary yzygiderli esasda geňeşmeleri geçirýändiklerini bellemek zerurdyr.

Duşuşygyň dowamynda BMG we ÝHHG ýaly halkara guramalaryň çäklerinde özara hyzmatdaşlygy alyp barmak, şeýle-de taraplar Ýewropa Bileleşiginiň çaginde ulag ulgamynda hem işjeň hyzmatdaşlygynyň goldanylmagyna umyt bildirdiler.

Söwda-ykdysady ulgamyndaky özaragatnaşyklary barada aýdyp, taraplar energetika we ulag ulgamyny, şeýle hem Türkmenbaşy bilen Konstansa deňiz portlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegini aýratyn bellediler.

Mundan başga-da, gepleşikleriň çäginde ikitaraplaýyn ynsanperwer gatnaşyklaryny geljekde çuňlaşdyrmagyň meselelerine garaldy. Hususan hem, taraplar bilim we medeni-ynsanperwer özaragatnaşygynyň beýleki ugurlarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň zerurlygy barada pikirlerini beýan etdiler.

Mejlisiň ahyrynda taraplar ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça türkmen-rumyn iş toparynyň üçünji mejlisiniň jemleýji Teswirnamasyna gol çekdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň