Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärlerine Gutlag iberdi

17:0221.07.2018
0
6238

Hormatly saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleri! 
Gadyrly lukmanlar!

Sizi ýurdumyzda giňden we dabaraly bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda bu ajaýyp baýramyň şanyna geçiriljek dabaralaryň mähriban halkymyzy, şol sanda saglygy goraýyş we derman senagaty işgärlerini berkarar döwletimizde gazanylýan beýik üstünliklere buýsanjy has-da ýokarlandyrjakdygyna berk ynanýaryn.

Biz Garaşsyz Watanymyzy hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösýän ýurda öwürmek maksady bilen, uzak geljegi nazarlaýan giň möçberli özgertmeleri, ägirt uly işleri üstünlikli durmuşa geçirip, eziz Diýarymyzyň berk binýatly milli saglygy goraýyş ulgamyny döretdik. «Yhlasa — myrat» diýlişi ýaly, bu ugurda lukmançylyk ylmynyň we tehnologiýalarynyň gazananlaryny, öňdebaryjy dünýä tejribelerini ornaşdyrmak arkaly saglygy goraýyş ulgamyny düzümleýin esasda döwrebaplaşdyrdyk.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan», şeýle hem «Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipelere laýyklykda, esasan hem, ynsan saglygyny goramak, adamlaryň ömrüni uzaltmak, keselleriň öňüni almak, lukmançylyk ylymlaryny ösdürmek, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeňleşdirmek babatda zerur şertleri döretdik. Şunuň bilen birlikde, «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgämize, «Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» atly watansöýüjilik şygarymyza laýyklykda, köp möçberde maýa goýumlary özleşdirilip, ýurdumyzyň paýtagtynda hem-de sebitlerinde ýöriteleşdirilen keselleri anyklaýyş-bejeriş merkezleriniň, hassahanalaryň, şypahanalaryň, derman serişdelerini öndürýän kärhanalaryň giňden ýaýbaňlandyrylan gurluşygy dowam edýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eneleriň we çagalaryň, ýetginjekleriň, uly ýaşly we gartaşan adamlaryň, ähli raýatlarymyzyň ömrüniň ähli tapgyrlarynda lukmançylyk we durmuş goraglylygynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi, keselleriň öňüni almak, anyklamak, täze döwrebap bejergileri geçirmek babatda ylmy usullaryň, innowasion tejribeleriň giňden ornaşdyrylmagy milli lukmançylygyň ösüşine täze badalga berdi. Taryhy wakalara, şanly üstünliklere baý «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda hem asylly däbimize laýyklykda, Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyp, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Awaza» şypahanasynyň, Mary welaýatynda Çagalar hassahanasynyň, Lebap welaýatynda Köpugurly hassahananyň we Ýokanç keseller hassahanasynyň ulanylmaga berilmegi milli saglygy goraýyş ulgamynyň ösüş we ýokary görkezijiler babatda düýpli özgerýändigini, adam we onuň saglygy baradaky aladanyň döwlet syýasatynda ileri tutulýandygyny aýdyň görkezýär.

Hormatly saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri!

Dünýäniň ösen döwletleri, iri halkara guramalary bilen alyp barýan gatnaşyklarymyzyň yzygiderli pugtalandyrylmagy we giňeldilmegi hem milli saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşine oňyn täsirini ýetirýär. Dostlukly, özara peýdaly gatnaşyklary ýola goýmak, hususan-da, saglygy goraýyş, sport, ilat we ösüş çygrynda gatnaşyklary çuňlaşdyrmak biziň milli, sebit hem-de dünýä ösüşiniň ählumumy bähbitlerine alyp barýan daşary syýasatymyzyň esasy ugry bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan dünýä derejesinde sagdynlygy we abadançylygy üpjün etmek, adamlaryň saglygyny, beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösüşini gazanmak, daşky gurşawyň arassalygyny gorap saklamak, saglygy goraýyş ulgamyny güýçlendirmek ýaly meselelerde Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen düzümleri bolan Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň, Çagalar gaznasynyň, Ilat gaznasynyň saglygy goraýyş, ilat we ösüş ugrundaky umumy strategiýalaryny goldaýar. Biziň ýurdumyz bilelikdäki taslamalardyr maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirýär hem-de bu ugurda möhüm başlangyçlary öňe sürýär.

Golaýda mähriban halkymyzyň saglygyny goramak, saglygy goraýyş ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek ugrundaky özgertmelerimizi has-da çuňlaşdyrmak maksady bilen, örän möhüm taryhy ähmiýetli resminamalar bolan, «Türkmenistanda 2018 — 2024-nji ýyllarda alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak boýunça Milli maksatnamany», «Türkmenistanda ilatyň fiziki işjeňligini ýokarlandyrmak boýunça 2018 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýany» hem-de «Türkmenistanda ilatyň psihiki saglygyny goramak boýunça 2018 — 2022-nji ýyllar üçin Milli maksatnamany» kabul etmegimiz döwletara we halkara derejedäki hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak hem-de giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Gadyrly lukmanlar!

Ylmyň we bilimiň, medeniýetiň hem-de sungatyň gülläp ösen mekany bolan, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen güneşli Diýarymyzyň Merw, Nusaý, Köneürgenç, Abywerd, Sarahs, Dehistan ýaly gadymy şäherlerinde astronomiýa, matematika, geometriýa bilen bir hatarda, lukmançylyk babatda hem ilkinji açyşlar edilipdir. Türkmen halkynyň ylymda Awisenna ady bilen tanalan pelsepeçi alym we tanymal lukman Abu Aly Ibn Sina, şeýle hem Seýit Ysmaýyl Gürgenli, Muhammet Gaýmaz Türkmen, Fahreddin Razy ýaly görnükli şahsyýetleri dünýä bagyş eden beýik milletdigine göz ýetirenimizde, kalbymyzy buýsanç duýgulary gurşap alýar.

Biziň maksadymyz Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ýerleşen Türkmenistanyň XXI asyryň täze şertlerinde berk binýatly, kuwwatly, şol sanda saglygy goraýyş babatda hem ýokary derejede ösen döwletleriň biri hökmünde dünýädäki ornuny has-da pugtalandyrmakdan ybaratdyr. Geljekde hem giň gerimli özgertmelerimizi yzygiderli dowam etmek, milli maksatnamalarymyzy üstünlikli durmuşa geçirmek arkaly mähriban halkymyzyň abadançylygyny has-da ýokarlandyrarys. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň ösüşleriniň täze belentliklerini üpjün ederis. Bu beýik maksatlarymyzyň üstünlikli amala aşyrylmagyna saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň işjeň gatnaşjakdygyna berk ynanýaryn.

Hormatly saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleri! 
Gadyrly lukmanlar!

Sizi Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Siziň ähliňize berk jan saglyk, uzak ömür, asuda we bagtyýar durmuş, saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti 
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň