Arhiw

Aşgabatda “Saglyk - 2018” atly halkara sergi işe başlady

16:5721.07.2018
0
8001

20-nji iýulda türkmen paýtagtynda “Saglyk - 2018” atly halkara sergi işe başlady, onuň çäklerinde ylmy maslahat, şeýle hem Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlary üçin iýmitlenmegi gowulandyrmak boýunça Sebitleýin Platformany döretmek boýunça mejlis geçirilýär. Däp boýunça lukmançylyk forumy ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi hem-de Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraldy.

Şu ýyl “Saglyk — 2018” halkara sergä dünýäniň 40 ýurdundan lukmançylygyň dürli ugurlarynda ussatlyk derejesine ýeten hünärmenler gatnaşýar. Sergide daşary ýurt kompaniýalarynyň 240-sy önümlerini — derman önümleriniň, lukmançylyk enjamlarynyň we serişdeleriniň giň toplumyny hödürleýärler. Şolaryň hatarynda saglygy goraýşyň dürli ulgamlarynda işleýän kärhanalar, şol sanda Germaniýadan, ABŞ-dan, Türkiýeden, Hindistandan, Ýewropa Bileleşigi ýurtlaryndan we beýleki döwletlerden kompaniýalar bar.

Pudaklaýyn sergide Türkmenistanyň Milli Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň hem bölümi bar. Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara federasiýasynyň agzasy bolan bu jemgyýetçilik guramasy ynsanperwer işleri ýerine ýetirmekde döwlet edaralaryna ýardam berýär.

Şypahanalaryň hem-de şypahana-dynç alyş ugurly lukmançylyk edaralarynyň diwarlyklary üçin aýratyn bölüm berlipdir, bu ýerde “Baýramaly”, “Berzeňňi”, “Mollagara”, “Arçman”, “Ýylysuw”, “Farap” we “Daşoguz” şypahanalary barada maglumatlar görkezilýär. Şolaryň her biri enjamlaşdyrylyşy hem-de hödürleýän hyzmatlary boýunça dünýäniň beýleki şypahanalaryndan pes däldir. Dürli tebigy görnüşler, mineral suw çeşmeleri, türkmen topragynda ösýän dermanlyk ösümlikleri – bularyň ählisi şypahana-dynç alyş, ekologiýa syýahatçylygyny ösdürmek üçin oňat şertleri döredýär.

Sergide häzirkizaman anyklaýyş we barlaghana enjamlary, dürli serişdeleriň täze we ulanmaga amatly görnüşleri, tebigy dermanlyk ösümlikler esasynda taýýarlanan derman önümleri, mebeller, hassahana aragatnaşyk ulgamlary, şypahana-arassaçylyk hem-de kosmetiki maksatly önümler görkezilýär. Sergä gatnaşyjylar innowasiýa häsiýetli lukmançylyk tehnologiýalary ulgamynda hem harytlary we hyzmatlary hödürleýärler.

Sergä gatnaşýanlaryň hatarynda türkmen lukmanlarynyň öňden gelýän hyzmatdaşlary bolan «Hospitalia international GmbH», «Bionoricf CE», «Simens» (Germaniýa), «World Medicine Limited» (Beýik Britaniýa), «Ajanta Pharma» (Hindistan), «Gedeon Rihter» (Wengriýa), Awstriýanyň «Atkin» we köp sanly beýleki kompaniýalar bar.

“Saglyk — 2018” halkara serginiň we ylmy maslahatyň işi 22-nji iýula çenli dowam eder.

***

Şu gün“Saglyk — 2018” halkara serginiň we maslahatyň çäklerinde paýtagtymyzda Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlary üçin iýmitlenmegi gowulandyrmak boýunça Sebitleýin Platformany döretmek boýunça iki günlük mejlis öz işine başlady, mejlis bu ulgamyň hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ösdürmäge we pugtalandyrmaga ýardam berer.

Duşuşyga Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleri, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň,Gruziýanyň, Eýranyň, Serbiýanyň hem-de ÝUNISEF-iň, BSGG-niň, Bütindünýä azyk guramasynyň we Azyk hem-de oba hojalygy boýunça guramanyň wekilleri gatnaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň