Arhiw

Türkmenistanyň ýetginjekler futbol ýygyndysy CAFA-nyň ýaryşyna gatnaşar

13:5121.07.2018
0
4930

2004-nji ýylda doglan ýetginjeklerden (U15) düzülen ýygyndy toparymyz 20-31-nji iýul aralygynda Özbegistanyň paýtagty Daşkentde geçiriljek halkara ýaryşyna gatnaşar - diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty (tff.com.tm) habar berýär.

Merkezi Aziýa futbol Assosiasiýasynyň kubogy ugrundaky ýaryşa ýygyndylaryň altysynyň (Türkmenistan, Eýran, Özbegistan, Täjigistan, Gyrgyzystan, Owganystan) hem gatnaşmaga isleg bildirendigini ýatladýarys.  Ýaryş bir aýlawda geçirilip, ýeňiji utuk babatynda kesgitleniler. Ýaryş Daşkendiň üç stadionynda – “Milli”, “Lokomotiw” hem-de “Pahtakor” geçiriler.

Ýetginjekler ýygyndymyz abraýly ýaryşa Batyr Şyhyýewiň (baş tälimçi), Wladimir Milleriň, Annaesen Meňliýewiň hem-de Ahmet Jumamyradowyň (baş tälimçiniň kömekçileri) ýolbaşçylygynda taýýarlanýar.

Bu ýaryşda ýurdumyza wekilçilik edýän FIFA-nyň eminleri Jumamyrat Jumamyradow, Berdimämmet Atdyýew hem-de birinji dereleji emin Nariman Garajaýewiň eminlik etjekdiklerini aýratyn bellemek gerek.

Abraýly ýaryşyň öňüsyrasy baş tälimçimiz Batyr Şyhyýew bilen geçiren söhbetdeşligimizde ol taýýarlyk işleriniň ýokary derejede geçirilendigi barada gürrüň berdi: “Umuman, taýýarlyk işlerine sekizinji iýulda girişdik. Türgenleşiklerimizi köpugurly “Aşgabat” stadionynyň” türgenleşik meýdanynda geçirdik. Ilkibaşda oýunçylaryň 28-sini çagyrdyk. Geçirilen türgenleşiklerden soň has tapawutlanan oýunçylaryň 18-sini seçip aldyk. Toparymyzyň esasyny Aşgabat şäherine, Ahal, Balkan, Lebap, Mary welaýatlaryna wekilçilik edýän futbolçylar düzýärler. Ýaryşdaky birinji oýnumyzy 22-nji iýulda Özbegistanyň ýygyndysy garşysyna geçireris. Taýýarlygymyzy ýokary derejede geçirendigimizi aýratyn belläp geçeýin. Şu ýerde bir aýratynlyga ünsi çekesim gelýär, şu ýaşdaky oglanlarymyz halkara ýaryşyna ilkinji gezek gatnaşýarlar. Taýýarlygyň çäginde ýoldaşlyk duşuşyklarynyň ikisini geçirdik. Has uly ýaşly oýunçylardan düzülen “Bagyr” hem-de GOÝÇÝSM toparlary bilen geçiren duşuşyklarymyzyň esasy düzümimizi kesgitlemäge mümkinçilik berendigini hem aýdyp geçeýin.  Ilkinji synanyşygymyzyň şowly boljakdygyna ynamym örän uly”.

Ýetginjekler ýygyndymyzyň geçirýän oýunlary:

Türkmenistan – Özbegistan (22.07.2018 ý.)

Türkmenistan – Eýran (24.07.2018 ý.)

Täjigistan – Türkmenistan (26.07.2018 ý.)

Owganystan – Türkmenistan (28.07.2018 ý.)

Türkmenistan – Gyrgyz Respublikasy (30.07.2018 ý.)

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň