Soňky habarlar

Archive news

Ýoldaşlyk duşuşygy: "Balkan" — "Esteglal" 0:2

13:2921.07.2018
0
1490
Ýoldaşlyk duşuşygy: "Balkan" — "Esteglal" 0:2

Türkmenistanyñ futbol boýunça milli çempionatynyñ "Ýokary Ligasynyň" 4 gezek çempiony "Balkan" topary milli çempionatymyzyñ 3-4-nji aýlawyna  taýynlyk görmegini dowam edýär. Türkiýede okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýän Balkanabadyň topary Aziýanyñ Çempionlar Ligasynyň şu möwsüminiň çäýrekfinalyna çykmagy başaran Eýran Yslam Respublikasynyñ naýbaşy toparlarynyñ biri hasaplanýan Tähran şäheriniñ "Esteglal" topary bilen ýoldaşlyk duşuşugyny geçirdi. Ikitaraplaýyn hüjümlerde geçen bu duşuşyk 2:0 hasabynda “Esreglalyň” peýdasyna tamamlandy.

Germaniýaly hünärmen Winfrid Şeferiň tälim berýän"Esteglal" toparynyň düzüminde daşary ýurtly futbolçylaryñ dördüsiniň çykyş edýändigini bellemek gerek. Eýranyň toparynyň aziýanyñ klublar arasyndaky futbol sanawynda 9-njy orny eýeleýär.

"Balkan" toparynyñ täze transferi Muhammet Astanowyň meýdana esasy düzümde çykandygyny aýratyn bellemek gerek.

"Balkan" topary duşuşuga şu düzümde başlady:

Ýeñiş Naziýew, Ilýa Krilenko, Serdar Tüýliýew, Azat Rahmanow, Myratberdi Berenow, Aşyrgeldi Ylýasow, Arslan Ýollyýew, Azat Garajaýew, Ýewgeniý Tkaçenko, Yhlas Magtymow, Muhammet Astanow.

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň