Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenabatda saglyk maksatly binalar we lukmanlar üçin ýaşaýyş toplumy açyldy

15:5820.07.2018
0
8466

19-njy iýulda Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty iş­gär­le­ri­niň gü­nü­niň öň ýa­nyn­da Le­bap we­la­ýa­ty­nyň do­lan­dy­ryş mer­ke­zin­de tä­ze dur­muş mak­sat­ly des­ga­la­ryň — kö­pu­gur­ly has­sa­ha­na­nyň hem-de ýa­şa­ýyş jaý top­lu­my­nyň ulan­ma­ga be­ril­me­gi my­na­sy­bet­li da­ba­ra­lar bol­dy.

Luk­man­çy­lyk mer­ke­zi kö­pu­gur­ly has­sa­ha­na­ny we ýo­kanç ke­sel­le­ri has­sa­ha­na­sy­ny, şeý­le hem luk­man­lar üçin ýa­şa­ýyş jaý top­lu­my­ny öz içi­ne al­ýar. Bu iri ma­ýa go­ýum tas­la­ma­sy hu­su­sy kär­ha­na — Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­sy ta­ra­pyn­dan ama­la aşy­ryl­dy.

676 orun­lyk 5 gat­ly baş bi­na­da gaý­ra­go­ýul­ma­syz tiz kö­mek, anes­te­zio­lo­gi­ýa-rea­ni­ma­si­ýa, an­giog­ra­fi­ýa, pul­mo­no­lo­gi­ýa, en­dok­ri­no­lo­gi­ýa, gast­roen­te­ro­lo­gi­ýa, fi­zio­te­ra­pi­ýa, ge­mo­gia­liz, ren­ge­no­lo­gi­ýa, of­tal­mo­lo­gi­ýa, hi­rur­gi­ýa, kar­dio­lo­gi­ýa, oto­ri­no­la­rin­go­lo­gi­ýa, nef­ro­ge­ma­to­lo­gi­ýa, neý­ro­hi­rur­gi­ýa, new­ro­lo­gi­ýa, mer­ke­zi we pe­ri­fe­ri­ki nerw ul­ga­my­nyň ke­sel­le­ri, oňur­ga pa­to­lo­gi­ýa­sy, rew­ma­to­lo­gi­ýa, tok­si­ko­lo­gi­ýa, traw­mo­to­lo­gi­ýa we or­to­pe­di­ýa, uro­lo­gi­ýa, şeý­le hem traw­mo­to­lo­gi­ýa bö­lü­mi, gan ban­ky, bar­lag­ha­na we beý­le­ki­ler bar. 

Kö­pu­gur­ly has­sa­ha­na­nyň üç gat­ly bi­na­syn­da 160 orun­lyk ýo­kanç ke­sel­le­ri­ni be­je­riş we öňü­ni alyş mer­ke­zi ýer­leş­di­ril­di. Bi­na­nyň bi­rin­ji ga­tyn­da nä­sag­la­ry ka­bul et­mek üçin has­sa­ha­na­nyň ka­bul ediş bö­lü­mi ýer­leş­di­ri­len we her nä­sa­gyň gü­man edil­ýän ýo­kan­jy­na la­ýyk­lyk­da aý­ra­tyn otag­lar­da ka­bul et­mek we ge­rek bo­lan­da gaý­ra­go­ýul­ma­syz luk­man­çy­lyk kö­me­gi­ni ber­mek üçin äh­li şert­ler bar. Şeý­le hem şu gat­da ho­wa-dam­ja ýo­ly ar­ka­ly geç­ýän ke­sel­li nä­sag­la­ry be­jer­mek üçin ni­ýet­le­nen bö­lüm ýer­leş­di­ril­di. Bu ýer­de nä­sag­lar üçin se­kiz sa­ny aý­ra­tyn otag­lar bar.

Bu ýer­de nä­sag­la­ry gys­sag­ly ýag­daý­da ug­rat­mak ze­rur­ly­gy ýü­ze çy­kan ha­la­tyn­da luk­man­çy­lyk awia­si­ýa­sy­ny peý­da­lan­mak üçin di­ku­çar meý­dan­ça­sy gur­nal­dy, ýö­ri­te ara­gat­na­şyk ul­gam­la­ry­ny, luk­man­çy­lyk iş­gär­le­ri ta­ra­pyn­dan nä­sag­la­ryň ça­gy­ryş­la­ry­na öz wag­tyn­da ses­len­me­gi üp­jün et­mek üçin gep­le­şik en­jam­la­ry, be­je­riş iş­le­ri­niň hem-de nä­sag­la­ra hyz­mat et­me­giň hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­mak göz öňün­de tu­tu­lan­dyr.

Baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­la­ry­nyň bar­şyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyn­dan le­bap­ly luk­man­la­ra tiz luk­man­çy­lyk kö­me­gi­ni ber­mek üçin flýuo­rog­ra­fi­ýa, gan al­mak üçin we beý­le­ki en­jam­lar bi­len üp­jün edi­len ýö­ri­te aw­tou­lag­lar sow­gat be­ril­di.

Has­sa­ha­na­nyň ýa­nyn­da sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň iş­gär­le­ri üçin ýa­şa­ýyş jaý top­lu­my hem bi­na edil­di. Onuň gur­lu­şy­gy­na 2016-njy ýy­lyň iýul aýyn­da döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň gat­naş­ma­gyn­da ba­dal­ga be­ril­di. Top­lum giň 3 we 4 otag­ly öý­le­ri, en­jam­laş­dy­ry­lan aş­ha­na­la­ry, eý­wan­la­ry bo­lan ýo­ka­ry amat­lyk­ly 4 gat­ly jaý­la­ryň 6-sy­ny öz içi­ne al­ýar. Şä­her­çe 200-e go­laý maş­ga­la­nyň ýa­şa­ma­gy üçin ni­ýet­le­nen­dir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň