Soňky habarlar

Archive news

"Balkan" topary Türkiýede okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär

11:3718.07.2018
0
381
"Balkan" topary Türkiýede okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär

"Balkan" topary okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirmek üçin 17-nji iýulda Aşgabat - Istambul reýsi bilen Türkiýä ugrady. Türkiýäniň gyşky sport görnüşleri bilen tanalýan Kartepe kurort şäherine ugran Balkanabadyň toparynyň türgenleşik ýygnanyşygy 10 gün dowam eder.

Hojaahmet Arazowyň, Gurbanmämmet Meredowyň, Rejepberdi Bagaberdiýewiň tälimçiligindäki topar okuw türgenleşigi döwri daşary ýurt futbol toparlarynyň 3-si  bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirmegi meýilleşdirýär.

Ýurdumyzyň birinji we ikinji aýlawlaryndan soň 7 utuk toplan “Balkan” topary ýaryş tertibinde soňky, 8-nji orny eýeleýär.

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň