«Turkmenistan Airlens» Kazanda geçiriljek halkara awiamaslahata gatnaşar

11:3018.07.2018
0
952

29-njy iýul — 1-nji awgust aralygynda Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazan şäherinde dünýäniň iri awiakompaniýalarynyň gatnaşmagynda halkara awiamaslahat geçiriler. Daşary ýurt saýtlarynda habar berlişi ýaly, maslahata dünýäniň iri awiakompaniýalarynyň 200 çemesisiniň wekilleri gatnaşar. Аэрофлот, Air France, KLM, Emirates, Flydubai, SCAT, Turkish Airlines, Uzbekistan airways, Ellinair, Atlas Global, Utair, AZUR air ýaly kompaniýalar bilen bir hatarda bu maslahata «Turkmenistan Airlensden» hem wekiller gatnaşar.
Gysgaça NETWORK diýlip atlandyrylýan maslahat awiakompaniýalary we howa menzillerini dolandyrmagyň döwrebap usullaryny paýlaşmagyň meýdançasy bolup hyzmat edýär. Maslahatyň dowamynda köp sanly işjeň duşuşyklar hem geçirilip, olarda awiakompaniýalardyr howa menzilleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyklaryň geljegi ara alnyp maslahatlaşylar. Mahlasy, maslahatyň meýilnamasy 8 bölümden ybarat bolup, olaryň her biri aýratyn ähmiýete eýedir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň