Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen awiakompaniýasynyň uçary Aşgabat — Abu Dabi — Aşgabat ugry boýunça ilkinji uçuşy amala aşyrdy

11:2518.07.2018
0
1330

Ýakynda «Türkmenistan» awiakompaniýasyna degişli uçar Aşgabat — Abu Dabi — Aşgabat ugry boýunça ilkinji göni gatnawyny amala aşyrdy. Aşgabat wagty bilen 13:05-de göge göterlen uçar 2 sagat 25 minut soňra BAE-niň paýtagtynyň halkara howa menziline gondy. Şol gün ýene Aşgabada sary uçuşy amala aşyran «Boeing 737-800» agşamlyk türkmen paýtagtyna dolanyp geldi.
Gatnawyň bir taraplyk peteginiň bahasy 1380 manatdyr. Uçardaky biznes orunlary bolsa 3095 manatdan. Aşgabat — Abu Dabi — Aşgabat ugry boýunça uçar gatnawy her hepdäniň anna we ýekşenbe günleri amala aşyrylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň