Soňky habarlar

Arhiw

Şagadam» bilen «Ahal» Türkiýede, «Altyn asyr» Bolgariýada türgenleşýär

11:1918.07.2018
0
1130

Futbol çempionatymyzyň ýaryş tertibiniň üçünji hatarynda ornaşan “Şagadam” topary iýulyň 20-31-i aralygynda Türkiýede okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirer. Şol döwürde Türkmenbaşy şäheriniň topary ýoldaşlyk duşuşyklarynyň birnäçesini geçirer.

***

Geçen möwsümi ikinji hatarda tamamlan “Ahal” topary hem okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny Türkiýede geçirer. “Ahal” toparynyň türgenleşik ýygnanyşygy 16-31-nji iýul aralygynda dowam eder.

***

Ýurdumyzyň çempiony “Altyn Asyr” topary bolsa okuw-türgenleşigini Bolgariýanyň Bansko şäherinde geçirer. Iýul aýynyň 15-30-y aralygynda dowam etjek okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň dowamynda ýoldaşlyk duşuşyklarynyň birnäçesi geçiriler.

Çeşme: tff.com.tm

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň