Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda welaýatlarda futbol federasiýalary dörediler

11:1618.07.2018
0
1384

Ýakynda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň ýygnagy geçirildi. Onuň gün tertibinde futbol çempionatymyzyň üçünji aýlawynyň geçiş tertibini tassyklamakdan we beýleki meselelere garamakdan ybarat boldy.
Ilki bilen soňky alty aýda amala aşyrylan işler dogrusynda gürrüň edildi. Bellenilişine görä, soňky wagtda uly futbol bilen birlikde ýaşlaryň arasynda millionlaryň oýnuny wagyz etmekde uly işler alnyp baryldy. Şeýle-de, FIFA-nyň “FORWARD” ösüş maksatnamasy boýunça hem saldamly işleriň geçirildi.
Geçirilen ýygnakda dünýäniň öňdebaryjy futbol federasiýalary bilen bir hörpden gopmak maksady bilen edilen teklipler hem biragyzdan goldanyldy. Ýurdumyzyň futbol federasiýasynda futzal boýunça ýörite bölüm döredip, onuň wezipe birligini tassyklamak hakynda hem ylalaşyga gelindi. Mundan başga-da, lisenziýa, registrasiýa, marketing hem-de gönüden-göni ýaşlar bilen işleşýän bölümleriň döredilmelidigi baradaky teklipler gyzgyn goldanyldy.
Şeýle-de, welaýatlarymyzyň ähli künjünde hem ýerli futbol federasiýalarynyň işiniň ýola goýulmalydygyna aýratyn ünsi çekdi. Ýeri gelende aýtsak, häzirki wagtda ýerli futbol federasiýasy Balkan welaýatynda üstünlikli iş alyp barýar.
Futzaly has-da ýokary derejä çykarmak maksady bilen kubok ýaryşyny geçirmeklik hem ýola goýlar. Awgust aýynda badalga beriljek futzal boýunça kubok bäsleşigine welaýatlarymyzdan bäş, paýtagtymyzdan bolsa üç topar gatnaşar. Olaryň arasyndaky duşuşygyň ýeňijileri iki oýunda kesgitlener. Kubok ýaryşyny geçirmegiň esasy maksady futzal toparlarymyzy Aziýa yklymynda geçirilýän ýaryşlara gatnaşmaga mümkinçilik döretmek bilen bagly bolar. Öňümizdäki ýylda bolsa futzal boýunça çempion bolan hem-de Kubogy eýelän toparlaryň arasynda “Naýbaşy Kubok” ugrundaky duşuşygy hem geçiriler.
Geçirilen ýygnakda futzal boýunça milli ýygyndymyzyň hem-de ýaşlar ýygyndymyzyň baş tälimçisini saýlamak baradaky meselä hem garaldy. Bu wezipä dalaşgärleriň arasyndan öz döwründe futzal boýunça milli ýygyndymyzyň hatarynda çykyş eden Guwanç Kanaýew biragyzdan saýlanyldy.
Şeýle-de, ýurdumyzyň futbol çempionatynyň üçünji aýlawynyň geçiş tertibi hem tassyklanyldy.

 Çeşme: tff.com.tm

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň