Soňky habarlar

Arhiw

Jiu-jitsu boýunça Aziýa çempionatynda ýygyndy toparymyz 18 medala mynasyp boldy

16:2817.07.2018
0
6117

Türkmen türgenleri jiu-jitsu boýunça Aktau (Gazagystan) şäherinde tamamlanan Aziýa çempionatynda ýigrimä golaý medala mynasyp boldular. Ýaryşlara 20 ýurtdan dört ýüze golaý türgen gatnaşdy.
Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň düzümine dünýä we Aziýa çempionatlarynda hemde Aşgabat — 2017 oýunlarynda ýeňiji bolan iň gowy türgenler girýär. Biziň türgenlerimiz Aktauda jiu-jitsunyň üç ugry: kontakt, “newaza” we söweş görnüşlerinde bäsleşdiler.
Olar jiu-jitsunyň kontakt görnüşi boýunça has köp medallary eýelediler. 94 kilogramdan ýokary agram derejede Mergen Tejenow altyn medala mynasyp boldy. Serdar Hojamuhammedow bolsa 94 kilograma çenli agram derejede ýarym finalda we finalda Hytaý Taýbeýinden bäsdeşlerinden üstün çykyp, birinji orny eýeledi.
Rustam Rozmetow 77 kilograma çenli agram derejesinde tapawutlandy. Bäsleşigiň üç tapgyrynda hem (çärýek final, ýarym final we final) ol ýer eýeleriniň wekilleri bilen güýç synanyşdy. Iň ýeňil agram derejesinde — 56 kilograma çenli agramda çykyş eden Batyr Durdyýew hem diňe gazagystanly türgenler bilen tutluşyp, hormat münberiniň ýokary basgançagyna çykmagy başardy.
Begençmyrat Kakabaýew 85 kilograma çenli, Ýusup Taňryberdiýew bolsa 62 kilograma çenli agram derejesinde kümüş medala mynasyp boldy.
Zenanlaryň arasynda iň agyr — 70 kilogramdan ýokary agram derejesinde Türkmenistanyň toparynyň wekili altyn medaly eýeledi. Sabina Agajanowa final tutluşygynda gazagystanly bäsdeşinden üstün çykyp, birinji orny eýeledi, gazak türgeni bolsa, öz gezeginde, ildeşimiz Aýsoltan Garçowowany ýeňdi, netijede, Aýsoltan üçünji orna düşdi. Kontakt jiu-jitsu boýunça Weronika Rus (55 kilogram) we Saýara Awezmetowa (49 kilogram) final bäsleşiklerinde gazagystanly türgenleri ýeňip, ýygyndy toparymyza altyn medal getirdiler.
Türkmen türgenleri düşekçede tutluşyga aýratyn üns berilýän “newaza” ugry boýunça hem tapawutlanyp, dürli derejeli medallary eýelediler. 70 kilogramdan ýokary agram derejede Aýsoltan Garçowowa birinji orna, Sabina Agajanowa kümüş medala mynasyp boldy. 55 kilograma çenli agram derejede çykyş eden Angelina Filippowa ýene bir altyn medaly toparymyzyň sylaglarynyň üstüne goşdy. Ol bu üstünligi gazanmagyň ýolunda dört bäsdeşini ýeňmeli boldy. Wiolet­ta Krowýakowa (62 kilogram) we Mergen Joraýew (85 kilogram) kümüş medal, Nejimetdin Çaryýew (85 kilogram) bürünç medal gazandy.
Jiu-jitsunyň söweş görnüşi boýunça Aýsoltan Garçowowa we Sabina Agajanowa bürünç medala mynasyp boldy. Şeýlelikde, bu iki türgen jiu-jitsunyň üç görnüşiniň ählisinde çykyş edip, toparymyza jemi 6 medal getirdi.
Jiu-jitsu boýunça Türkmenistanyň topary Aziýa çempionatynda umumy hasapda üçünji orny eýeläp, jemi 18 medaly: 9 altyn, 5 kümüş we 4 bürünç medaly ýygyndy toparymyzyň sylaglar gaznasyna goşdular.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň