Türkmenistanda 6 aýda 12 müňden gowrak birža şertnamasy baglaşyldy

17:1606.07.2018
0
1954

5-nji iýulda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň birinji ýarymynda alnyp barlan işleriň netijeleri hem-de ýurdumyzyň senagatçylary we telekeçileri tarapyndan eksportyň möçberini artdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.
Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 11,5 göterim artdy, şol sanda bölek satuw haryt dolanyşygy hem-de lomaý haryt dolanyşygy degişlilikde 23 göterim we 3,9 göterim artdy. Öndürilen önümleriň möçberi 4,7 göterim artdy, ministrligiň kärhanalary boýunça gazanylan peýda 34,7 göterim ýokarlandy.
Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça hasabat döwründe 124 birža söwdasy geçirilip, 12 müň 256 şertnama hasaba alyndy. Umumy girdejiniň möçberi 19,6 göterim artdy.
Söwda-senagat edarasy boýunça 2018-nji ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetirilen hyzmat işleriniň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,6 göterim artdy.
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça şu ýylyň birinji ýarymynda senagat önümleri 26 göterim, oba hojalyk we azyk önümleri 65,2 göterim köp öndürildi. Söwda-haryt dolanyşygy 1,3 göterim artdy. Hyzmat ulgamynda ýerine ýetirilen işleriň möçberi 1,5 göterim artdy.
Milli Liderimiz geografiýa taýdan ähmiýetli ýagdaýy bolandygy hem-de amatly ulag ýollarynyň çatrygynda ýerleşýändigi sebäpli, dünýäniň ähli döwletleri bilen diýen ýaly ykdysady we söwda gatnaşyklaryny ösdürmek üçin ýurdumyzyň uly mümkinçilikleriniň bardygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň eksport edilýän möçberini artdyrmak boýunça iş alyp barmak, beýleki döwletlerdäki hyzmatdaşlar bilen ysnyşykly daşary ykdysady aragatnaşyklary ýola goýmak, halkara söwdasy ulgamynda iň gowy daşary ýurt tejribesini özleşdirmek boýunça daşarky bazarlaryň isleglerini hem-de mümkinçiliklerini öwrenmek boýunça tabşyryklar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň