Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda ýylyň ilkinji ýarymynda ulag ulgamynyň ähli pudaklarynda 100 göterimden geçirip ösüş gazanyldy

17:1006.07.2018
0
2877

5-nji iýulda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew gözegçilik edýän ulaglar we aragatnaşyk pudaklarynda 2018-nji ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Ulaglar we aragatnaşyk toplumy boýunça şu ýylyň birinji ýarymynda ýük daşamak we ýolagçy gatnatmak boýunça meýilnama 107 göterim berjaý edilip, ösüş depgini bolsa 111 göterime deň boldy.
Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça meýilnama 101 göterim ýerine ýetirildi, ösüş depgini bolsa 104 göterime barabar boldy.
Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça geçen ýarym ýylyň içinde hyzmatlary etmegiň meýilnamasy 125 göterim ýerine ýetirildi, şunda ösüş depgini 102 göterime deň boldy.
2018-nji ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda Aragatnaşyk ministrliginde ýerine ýetirilen işler boýunça meýilnama 110 göterim ýerine ýetirildi, ösüş depgini 109,5 göterime deň boldy.
“Türkmenhowaýollary” gullugy boýunça hasabat döwründe awiahyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça meýilnama 111 göterim ýerine ýetirilip, ösüş depgini 130 göterime barabar boldy.
Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça ýük daşamak babatda meýilnama 102 göterim ýerine ýetirildi, ýolagçy gatnatmak boýunça ösüş depgini bolsa 173 göterime deň boldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere hem-de ulaglar we aragatnaşyk toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, demir hem-de awtomobil ýollarynyň durkuny täzelemek, täze howa menzillerini gurmagy dowam etmek, aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek üçin maýa goýumlaryny çekmek boýunça şu ýylyň ikinji ýarymynda edilmeli işleri kesgitledi.
Mundan başga-da, ähli ugurlar boýunça hünärli işgärleri taýýarlamagy hem-de halkara güwänamalary almagy dowam etmek zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz täze ulanmaga berlen Türkmenbaşy Halkara deňiz porty doly güýjünde işlär ýaly zerur çäreleri görmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Ulag-logistika merkezleri döretmegiň üstünde hem işlemeli diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Tomus paslynyň başlanmagy bilen ulaglaryň ähli görnüşleri arkaly köp sanly ýolagçylary gatnatmaly bolýar diýip, hormatly Prezidentimiz wise-premýere gözegçilik edýän ähli pudaklarynda, aýratyn-da, demir ýol we howa ulaglarynda müşderilere hem-de ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak barada tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz şeýle hem Türkmenistanda ulag-logistika merkezini döretmek baradaky teklipleri taýýarlamak boýunça Pudagara topary döretmek hem-de onuň düzümini tassyklamak hakyndaky Buýruga hem gol çekdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň