Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda bank kartlarynyň mümkinçilikleri artdyrylýar

16:0706.07.2018
0
1957

5-nji iýulda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýew ýurdumyzyň bank ulgamyny kämilleşdirmegiň maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişiniň barşy barada hasabat berdi. Şeýle hem harytlary eksport etmekden we hyzmatlary ýerine ýetirmekden ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hasaplaryna walýuta serişdeleriniň gelip gowuşmagynyň meýilnamasynyň ýerine ýetirilendigi barada habar aýdyldy.
2018-nji ýylyň birinji ýarymynda ýurdumyzyň banklarynyň ykdysadyýetiň ösdürilmegine gönükdiren karzlarynyň möçberi 8,3 göterim, döwlete degişli bolmadyk bölege berlen karzlaryň möçberli 9,8 göterim artdy. Şeýle hem bank hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň elektron düzümlerini kemala getirmegiň çäklerinde amala aşyrylan işler barada hasabat berildi. 1-nji iýula çenli ýagdaýa görä, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bank kartlarynyň sany 1,4 esse ýokarlandy.
Birinji ýarym ýylda “Goýum bank karty” täze hyzmat ornaşdyryldy, şeýle hem internet arkaly hasaplaşyklary geçirmek üçin mümkinçilik döredildi. Oba hojalyk önümlerini öndürijiler bilen özara hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek üçin olary bank kartlary bilen üpjün etmek boýunça işler ýola goýuldy. “Altyn asyr” töleg kartlarynyň üsti bilen nagt däl hasaplaşyklary kämilleşdirmek boýunça çäreler işjeň geçirilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýändigini belledi. Hususan-da, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, beýleki döwletlerden ýurdumyza getirilýän harytlaryň möçberi 43 göterim azaldy. Ýurdumyzdan beýleki döwletlere iberilýän eksport önümleriniň möçberi bolsa 41,5 göterim artdy. Ýöne biziň bu ugurda heniz hem köp mümkinçiliklerimiz bar diýip, milli Liderimiz nygtady we Merkezi bankyň ýolbaşçysyna birnäçe tabşyryklary berdi hem-de degişli Kararlara gol çekdi. Şol resminamalar zerur bolan kärhanalary döretmäge telekeçileri giňden çekmek, walýuta biržasynyň işini düzgünleşdirmek, şeýle hem ygtyýarnama bermek işini gowulandyrmaga ýardam eder. Milli Liderimiz Merkezi bankyň başlygyna gol çekilen kararlaryň düzgünlerini öz wagtynda ýerine ýetirmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň