Türkmenistanyň Prezidenti mekdepleri tamamlaýan uçurymlaryň iş meselesini çözmek baradaky wezipäni gozgady

16:0106.07.2018
0
2506

5-nji iýulda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde döwlet Baştutany  käbir ýolbaşçylaryň täze iş orunlaryny döretmek boýunça kabul edilen maksatnamany durmuşa geçirmek babatda talabalaýyk işlemeýändigini belledi. Diňe şu ýylyň özünde ýurdumyzyň orta mekdeplerini uçurymlaryň 85 müňden gowragy tamamlady. Biziň ýokary okuw mekdeplerimiz bolsa täze okuw ýylynda diňe 10 müňe golaý adamy okuwa kabul edip bilýär. Ýokary bilim almak isleýän uçurymlaryň käbiri bilim almak üçin daşary ýurtlara gidýär. Ýaş ýigitleriň bir topary harby gulluga çagyrylýar diýip aýtmak bilen milli Liderimiz wise-premýer G.Myradowa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň beýleki orunbasarlary bilen bilelikde ýurdumyzda täze iş orunlaryny döretmek boýunça kabul edilen maksatnamanyň ýerine ýetirilmegini gazanmak boýunça anyk çäreleri görmegi tabşyrdy. Mekdepleri tamamlaýanlaryň we täze döredilýän iş orunlarynyň sanynyň arasynda deňeçerligi üpjün etmeli. Umuman, orta ýa-da ýokary okuw mekdebini tamamlandan ýa-da harby gullukdan soň, ýekeje adam hem işsiz galmaly däldir diýip, milli Liderimiz nygtady.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň