Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda ýylyň birinji ýarymynda öndürilen önümleriň meýilnamasy 117 göterim ýerine ýetirildi

15:4406.07.2018
0
3482

5-nji iýulda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary K.Durdymyradow gözegçilik edýän pudaklarynda 2018-nji ýylyň birinji ýarymynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Senagat ministrligi boýunça ýanwar — iýun aýlarynda öndürilen önümleriň meýilnamasy 117 göterim ýerine ýetirildi we geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 111,5 göterim ösüş depgini gazanyldy.
Dokma senagaty ministrligi boýunça önümçilik meýilnamasy 126,3 göterim ýerine ýetirilip, 124,5 göterim ösüş depgini üpjün edildi.
Şu ýylyň 6 aýynyň netijeleri boýunça haly we haly önümlerini dokamagyň meýilnamasy 127,9 göterim ýerine ýetirilip, ösüş depgini 104,8 göterime barabar boldy.
“Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça hasabat döwründe meýilnama 100 göterim ýerine ýetirildi we geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ösüş depgini 110,2 göterime deň boldy.
Döwlet balyk hojalygy komiteti boýunça önümçilik meýilnamasy 101,8 göterim ýerine ýetirildi we geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ösüş depgini 131,7 göterime barabar boldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow senagat toplumyny ösdürmek strategiýasynyň gaýragoýulmasyz wezipelerine ünsi çekip, ýurdumyzyň senagat kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny yzygiderli artdyrmagyň, kärhanalarda öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de hojalygy ýöretmegiň we dolandyrmagyň täze usullaryny ornaşdyrmagyň wajypdygyny belledi. Şeýle hem toplumyň esasy wezipeleriniň içerki bazary ýurdumyzda öndürilen ýokary hilli harytlar bilen üpjün etmekden we bäsdeşlige ukyply eksport önümleriniň möçberini artdyrmakdan ybaratdygyny aýdyp, ýurdumyzyň senagat pudaklaryny okgunly we sazlaşykly ösdürmek üçin has netijeli çäreleri görmek barada wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň