Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda 6 aýda 51 sany döwlet emlägi hususylaşdyryldy

15:2906.07.2018
0
4880

5-nji iýulda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde maliýe we ykdysadyýet ministri B.Bazarow hasabat döwründe Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. 1-nji iýula çenli ýagdaýa görä, baş maliýe meýilnamasynyň girdeji bölegi 103 göterim, çykdajy bölegi bolsa 85,3 göterim ýerine ýetirildi.
Ýerli býujetiň girdeji böleginiň ýerine ýetirilişi 4 milliard 56,1 million manada, çykdajy bölegi 3 milliard 235,6 million manada deň boldy.
Hasabat döwründe 51 sany döwlet emlägi hususylaşdyrylyp, döwlet býujetine 24,1 million manat geçirildi. Birinji ýarym ýylyň jemleri boýunça döwlet emlägini kärendä bermegiň hasabyna 69,8 million manat möçberinde pul serişdesi alyndy.
Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlarynyň möçberi 34,4 göterime deň boldy. Maýa goýum maksatnamasy 63,8 göterim ýerine ýetirildi. Önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygyna düýpli maýa goýumlarynyň 55,5 göterimi, medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyna 44,5 göterim maýa goýum serişdeleri gönükdirildi.
Ministr “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň barşy barada hasabat bermek bilen, birinji ýarym ýylda 871,6 million manadyň özleşdirilendigini aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň