Soňky habarlar

Arhiw

Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy awtoulaglaryň hereketine gözegçiligi güýçlendirýär

14:3006.07.2018
0
19815

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň düzümindäki Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy ýurdumyzyň ýollaryndaky asudalygy, howpsuz hereketi has hem berkitmek maksady bilen, awtoulaglaryň hereketine bolan gözegçiligi has hem güýçlendirýär. Ýolyşyklaryň ýakynyndaky «Dur!» çyzygy üçin oturdylan fotokamera gullugyň täze ornaşdyran tehnologiýalarynyň biridir. Bu kameralar häzirki wagtda Aşgabat şäheriniň birnäçe nokadynda oturdyldy.

Ýol hereketiniň halkara talaplaryndan hem mälim bolşy ýaly, awtoulaglara ýolyşygyň görkezmesi bilen çatrykda duranda «Dur!» duýduryşy berýän ýogyn çyzygy basmak gadagan. Bu çyzyk pyýadalaryň geçelgesi bilen hem belli bir aralygy saklaýar. Täze fotoklamera şol çyzygy basyp saklanan awtoulaglary surata düşürýär. Surat awtomatiki ýagdaýda PÝÝG-niň maglumatlar bazasyna düşýär we sürüjä bellenen mukdarda jerime salynýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň